Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň medeniýet öýünde Wekilbazar etrap häkimliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň etrap komitetleriniň, Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda, “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp saz-söhbetli dabara geçirildi. Bu dabaradaky çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, milli mirasymyza goýulýan sarpa we erkana, asuda watanymyzda her bir ýylyň mynasyp atlandyrylyşy, üstümizdäki ýylyň hem behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many-mazmunuň barlygy dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Eýle hem bedew atlarymyzyň gözelligi, ýyndamlygy dogrusyndaky gürrüňler hem dabarada edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu ýerde etrabyň medeniýet merkeziniň döredijilik işgärleriniň döwrebap aýdym – sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Asuda, parahat, erkana Watanymyzy, agzybir halkymyzy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny wasp edýän aýdymdyr-sazlar we joşgunly tanslar dabara gatnaşanlaryň buýsançly kalbyny belende göterip, olara egsilmejek ruhy-lezzet paýlady.
Merjen Çaryýarowa.








