Ýakynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata welaýat halk maslahatynyň agzalary, dürli kärde zähmet çekýän ýaşlar, kitaphanaçylar gatnaşdylar.
Maslahatda Mary etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Akgözel Serdarowa, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Maral Gulowa, welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljennet Nurberdiýewa, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gunça Ataýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda halk maslahatynyň geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygy, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde alnyp barylýan işler, halkyň bähbidine gönükdirilýän beýik tagallalar dogrusynda gürrüň etdiler.
Gülbahar NAZAROWA.








