Uludan bellenen mukaddes baýramçylyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygy Mary welaýatynda-da mynasyp belent toý tutumlary bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabaralary welaýatyň ähli etrap, şäher merkezlerinde, obalarynda toý şatlygy bilen utgaşyp, şowhunly çärelere giň gerim berildi. Baýramçylyk gününde welaýat merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynyň töweregi ir säherden hasam köp adamly boldy. Mary welaýat, Mary şäher häkimlikleriniň, Demokratik, Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň, welaýatyň Bilim, Saglygy goraýyş we Medeniýet bölümleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasy egsilmejek toý şatlyklaryna beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň dabarasy baş Baýdak meýdançasynda döwlet Senamyzyň ýerine ýetirilmeginde, mukaddes döwlet Baýdagymyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy. Welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat Halk maslahatynyň agzalarynyň, welaýatyň ýaşuly nesliniň, kümüş saçly mährem eneleriň, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň,bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabarada baýramçylyk mynasybeli gutlag sözleri aýdyldy. Bu ýerdäki baýramçylyk çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk beýik başlangyçlary barada buýsançly sözler beýan edildi. Baýramçylyk dabarasynda parahatçylygyň we asudalygyň nyşany bolan ak kepderileriň we dürli gornüşli şarlaryň asmana uçurylmagy toý şatlygyny hasam artdyrdy. Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdymdyr sazlary, tanslary, edebi sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandy. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan aýdym – sazlaryň owazy uzaklara ýaň saldy. Ýerine ýetirilen göwün göteriji çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň il-halk, umumyadamzat bähbitli rowaç işleriniň hem-de uly toý – dabaralara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň waspy belentden ýetirildi. Baýramçylyk öwüşgininde bezelen baş Baýdak meýdançasynda şirinden – şirin mukamlaryň ýaňlanmagynda ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlar, joşgunly tanslar bu ýere ýygnanan bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, göwün guşuny ganatlandyrdy. Döwletiiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýurdumyzy batly gadamlaryň ösüşli ýollary bilen öňe alyp barýan we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Çarymuhammet Saparow