«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» — 2026
weather mary 29° C Mary
weather mary 29° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» — 2026

13 25.03.2026

Ýakynda Mary şäherindäki “Joşgun” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-sazly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige elleri dürli reňkli şarlary we gülleri  bilen mekdep okuwçylary tomaşa etmäge gatnaşdylar. Şäheriň orta mekdeplerinden hem-de şäherdäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinden gatnaşan zehinli çagalaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik örän täsirli hem tolgundyryjy boldy. Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny açyp görkezen bäsleşikde ajaýyp aýdymlar, dürli öwüşginli tanslar ýerine ýetirildi.
Zehinli körpeler ajaýyp  aýdymlary  ýerine ýetirdiler. Şeýle aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşikde öňe saýlanan körpeler welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 
Sülgün ŞADYÝEWA.

6
6 26.03.2026
TÜRGENLERIŇ HEMRASY

Gözel Diýarymyzda türkmen sportunyň arşa galýandygyny ýaş türgenlerimiziň gazanýan ýeňşinden hem görmek bolýar. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň asylly göreldesi esasynda türkmen sporty ýeňişli ýollary bilen dünýä ýaň salýar. Ýaş, ezber türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli türgenleşip, öz başarnyklaryny sport ýaryşlarynda aýan edýärler. Türkmenistan ýurdumyzdaky hem-de daşary döwlerdäki geçirilýän ýaryşlara biziň erjel türgenlerimiz işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolup, türkmen Tuguny ýokarda pasyrdatýan türgenler ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmakda öz şahsy goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi türkmen sportunyň barha ösýändigini hemmelere äşgär edýär. Ussat türgenlerimiz özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar. Abdylla HUDAÝBERDIÝEW.

13
13 25.03.2026
Milli ýörelgeleriň dowamaty

TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi we etrabyň merkezi kitaphanasy bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. “Gözellik we edep: milli ýörelgeleriň dowamaty” atly bu çäre etrabyň merkezi kitaphanasynda guraldy. Oňa atlary agzalan guramalaryň we etrabyň merkezi kitaphanasynyň, etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Onuň maksady milli mirasymyzy wagyz etmekden, okyjylar bilen aragatnaşygy has-da işjeňleşdirmekden ybarat boldy.  Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Laçyn Rahmanowa, etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Garryýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Sona Çopanowa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli mirasymyzy wagyz etmekde we dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaşlarda kitaba höwes-söýgi döretmekde, olary merdana ata-babalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeler esasynda terbiýelemekde öňde durýan wezipeleriň üstünde durup geçdiler. Gülkamar MUHAMMETDURDYÝEWA.

12
12 25.03.2026
Ýyllary ýyllardan zyýada Watan

Golaýda Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli TDP-niň welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap, etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi “Altyn asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Ogulbossan Arrykowa alyp bardy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Söhbetdeşlikde Baýramaly etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammetkuly Allakulyýew, Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy Uzukjemal Hommadowa çykyş etdiler. Çykyş edenler şanly ýylymyzyň mynasyp şygar bilen atlandyrylmagy, ýurdumyzda saglyk, bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazlaryna giň orun berildi.  Gülnahal MUHAMMETAMANOWA.

12
12 25.03.2026
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» — 2026

Ýakynda Mary şäherindäki “Joşgun” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-sazly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige elleri dürli reňkli şarlary we gülleri  bilen mekdep okuwçylary tomaşa etmäge gatnaşdylar. Şäheriň orta mekdeplerinden hem-de şäherdäki çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinden gatnaşan zehinli çagalaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik örän täsirli hem tolgundyryjy boldy. Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny açyp görkezen bäsleşikde ajaýyp aýdymlar, dürli öwüşginli tanslar ýerine ýetirildi. Zehinli körpeler ajaýyp  aýdymlary  ýerine ýetirdiler. Şeýle aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşikde öňe saýlanan körpeler welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.  Sülgün ŞADYÝEWA.

12
12 25.03.2026
Ruhubelentligiň ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap stadionlar, sport mekdepleri, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Bu bähbitli mümkinçilik ýaş türgenleriň ösen talaba laýyk şertlerde türgenleşmeklerine ýol açdy. Indi türkmen türgenleri dünýä çempionatlarynda we halkara ýaryşlarynda uly üstünlikleri gazanyp, Türkmenistanyň sport abraýyny belende göterýärler. Hormatly Prezidentimiziň sport syýasaty türgenlerimiziň dürli ýaryşlardaky ýeňişli çykyşlarynda rowaç alýar. Türgenlerimiz özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, Watanymyzyň halkara sport abraýyny goramakda ýokary netijelere eýe bolýarlar. Dogrusy, ezber türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolmaga mynasypdyklaryny subut etmekdäki erjelliklerini, gaýduwsyzlyklaryny we ukyp-başarnyklaryny synlanyňda, türgen ýigitlerimizdir gyzlarymyza guwanjyň goşalanyp, buýsanjyň artýar. Geçen ýylyň dekabrynda dünýä çempionatlarynda we halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenlere täze awtoulaglary we pul sylaglaryny gowşurylmagy hem hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekdäki tagallalaryna aýdyň subutnamadyr. Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyzyň sport syýasaty halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda ilaty, aýratynam, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde durmuşa geçirilýän işleriň bady barha artýar. Mekan ÇARYÝEW.

10
10 25.03.2026
Durmuşymyzyň bezegi

Türkmen halkynyň örän gadymdan gelýän milli baýlyklary bar. Şolaryň biri hem türkmen zenanlaryna mahsus bolan milli lybaslardyr. Biziň gelin-gyzlarymyzy has-da gözel görkezýän inçe we owadan keşdeler bilen bezelen tahýalar, kürtedir çabytlar, al-elwan reňkli keteni köýnekler... bularyň ählisi millilige bolan höwesiňi artdyrýar. Sebäbi, türkmen gyz-gelinleriniň milli lybaslaryna dünýäň ýüzi hyrydar.  Hawa, hormatly Prezidentimiziň milliligimize uly üns bermegi, zenanlara aýratyn sarpa goýmagy netijesinde biçim-tikim bilen meşgullanýan ussat, çeper elli gelin--gyzlaryň sany gün geçdikçe artýar. Şeýle zenanlaryň arasynda guralýan bäsleşikler el işlerine gaýym — gaýma gaýaýan, keşde çekýän, haly dokaýan, keçe taýýarlaýan... zähmetsöýer gyz-gelinleri ýüze çykarýar. Biz olara guwanmaga haklydyrys.  Häzirki döwürde gyz-gelinler el işlerini uly höwes bilen ýerine ýetirýärler, geýjek egin-eşiklerini dürli keşdeler bilen bezäp, millilige uýýarlar. Munuň şeýledigine durmuşa çykjak gyzyň elbukjasyndaky owadan nagyşlar bilen sünnälenip bejerilen milli lybaslaryny synlanyňda-da, göz ýetirmek bolýar. Bütin barlygyň gözelligini özünde jemleýän läle-reýhan ýaly keşdeler gyz maşgalanyň durmuşyna bezeg berýär.  Akpamyk AGAGELDIÝEWA. 

11
11 25.03.2026
“Nesihatnamadan” nesihatlar

Nesillere “Nesihatnama” atly ajaýyp kitaby miras galdyran Aryf XIX asyr türkmen edebiýatynyň wekilleriniň biridir. Şahyryň öwüt-ündewlere ýugrulan goşgulary “Nesihatnama” ady bilen ýurdumyzyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan 1973-nji ýylda çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Kitapdaky terbiýeçilik ähmiýetli nesihatlar hiç bir adamy-da biparh goýmasa gerek. Aryf, sözüň uzagyndan gysgasy, Ýagşydyr, ulaltma, gider mazasy.         *** Bir söz diýse, saňa bir näkes nadan, Indemeseň, bolar älem gülüstan.         *** Ýagşy kişi belli bolar her jaýda, Sözün makul sözlär, ýygynda, toýda.         *** Ýagşy aýal bu dünýäde jennetdir, Ýamany dowzahdyr, başa mähnetdir.         *** Hassa bolsaň, ýagty jahan zyndandyr, Jany saga mydam toýdur bu dünýe.         *** Adama asmandan agyr, Bilseň nähak töhmet bolar.         *** Ten — sagatlyk, ýagşy ogul, Bilseň, uly döwlet bolar.         *** Bir asly ýagşy ýigidiň, Agzyndan bijaý söz çykmaz.         *** Ýagşy söz bir ganda meňzär, Ýa bir abat kende meňzär.         *** Her arwana agyr ýüki götermez, Elbetde, hatarda ner bolsa ýagşy. Toplan  Annamyrat BERDIMYRADOW.

10
10 25.03.2026
Töleg

Bir işçi hojaýynyň otagyna girip soraýar: — Näme üçin, siz maňa bir hepde işim üçin bary-ýogy bir manat töleýärsiňiz, şol wagt aralygynda Sakara 15 manat töleýärsiňiz?  Hojaýyn penjirä seredýär we gürleýär: — Biriniň bize tarap gelýäni eşidilýär, bize gyşa bede gerek, satyn almaly bolar. Bar, seret, bede getiräýen däldirler-dä. Işçi daş çykýar, soňra içeri girýär: — Hawa, bede getiripdirler. — Nireden getirenlerini bilmeýärmiň? Belki, gaýraky sähralykdandyr? — Bilmedim. — Bar, git-de, sora! Işçi gidýär-de, gelýär: — Gaýraky sähralykdan ekeni. — Haýsy orumyňky ekeni, birinjimi ýa-da ikinji? — Bilmedim. — Bar, git-de, bilip gel. Işçi gidip yzyna dolanýar: — Hojaýyn! Birinji orumyňky! — Bahasy näçeden ekeni? — Bilmedim. — Hany, bilip gel! Işçi dolanyp gelýär: — Hojaýyn! Ýigrimi manatdan ekeni. — Arzanrak bermezlermikä? — Bilmedim. Edil şol pursatda Sakar gapydan girýär: — Hojaýyn! Gaýraky sähralykdan birinji orumdan taýýarlanan bedäni satlyk üçin alyp barýanlar geldi, ýigrimi manatdan berýändiklerini aýtdylar, biz hem çekeleşip on ýedi manatdan almaga ylalaşdyk. Men olary howla saldym, häzir düşürýärler. Hojaýyn birinji işçä tarap öwrülýär: — Indi sen düşündiňmi, näme üçin saňa 1 manat, Sakara bolsa 15 manat tölenýänime? Taýýarlan Ýazgeldi BABAÝEW.

11
11 25.03.2026
Çadyrda  höwürtge  ýasan  guş

Alyşir Nowaýy Hyratdan Maru-şahu jahana gelip, bir çola ýerde çadyr dikip, ýazy şol ýaýlada kitaplar bilen geçirmegi ýüregine düwüpdir. Ol diken çadyrynda bir aýa golaý wagt bolanda, çapar Hyratdan Soltan Hüseýin Baýkaranyň çakylygyny getirýär. Ol goşlaryny tükellemäge başlaýar. Çadyrynyň çekillerini ýazdyrmakçy bolanda, Nowaýynyň gözleri gumrynyň höwürtgesinde saklanýar. Ol ýazdyrylan çekini ýaňadan daňýar-da, ýola seredip oturyberýär. Gün öýle ýerine baranda, Nowaýy bazara eşekli barýan ötegçini saklap, saglyk-amanlyk soraşyp, onuň bir pukara, mysapyr kişidigine göz ýetiripdir. Ol bu adama ýüzlenip: “Eý Hudaýyň bendesi, men Soltanyň çakylygy bilen gyssagly Hyrat şäherine aşmaly boldum. Bu ajyz guşjagaz çadyr üstünde mesgen tutup ýumurtgalapdyr. Indi jüýje çykaryp, ganat baglaýança onuň höwürtgesini bozmak imansyzlykdan nyşan. Men bu gabahat işi edip biljek däl. Onuň üçin siz şu çadyra eýelik etseňiz, hakyňyzy tölärdim” diýipdir. Gara zähmet bilen güzeran dolaýan goja Nowaýa bada-bat düşünipdir. Ol gumrynyň çagalary ganat baglap, uçup gidýänçäler şol çadyrda ýaşapdyr. Taýýarlan Kakajan GAÝYBOW.

12
12 25.03.2026
Ýyllary ýyllardan zyýada Watan

Golaýda Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli TDP-niň welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap, etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi “Altyn asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Ogulbossan Arrykowa alyp bardy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Söhbetdeşlikde Baýramaly etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammetkuly Allakulyýew, Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy Uzukjemal Hommadowa çykyş etdiler. Çykyş edenler şanly ýylymyzyň mynasyp şygar bilen atlandyrylmagy, ýurdumyzda saglyk, bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazlaryna giň orun berildi.  Gülnahal MUHAMMETAMANOWA.

10
10 24.03.2026
“Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly okuw-maslahaty geçirildi

     ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Mary welaýat Zenanlar bölüminiň guramaklarynda Mary welaýatynda birnäçe günläp dowam eden “Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly okuw-maslahatynyň we dürli dabaralaryň ýapylyş dabarasy geçirilip, oňa welaýatyň işewür zenanlary gatnaşdy. Mary myhmanhanasynda geçirilen bu maslahatda  çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlarmyza goýulýan hormat-sarpa, olaryň işlemegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda aýratyn buýsanç bilen belläp, zenanlar bilen geçirilýän çäreleriň uly netijelere beslenýänligi barada-da durup geçdiler. Şeýle hem bu maslahatyň dowamynda türkmen zenanlarynyň maşgala ojaklarymyzdaky terbiýe göreldesi, käbä deňelýän enelerimiziň öz perzendine we maşgala ojagyna bolan söýgüsi, şeýle hem  türkmen zenanlaryna görüm-görelde nusgalyk  ajaýyp el işleri dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Gyz-gelin edebi, ahlaklylyk, eli çeperlilik ýaly ajaýyp gylyk häsiýetler dogrusyndaky täsirli gürrüňler hem bu maslahatyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ýokary ruhubelentlige beslenilip geçirilen maslahata gatnaşan bagtyýar zenanlar özleri hakda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.     Merjen Çaryýarowa.

34
34 18.03.2026
Guramaçylykly  ýola  goýulýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde demokratik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda wajyp syýasy-jemgyýetçilik waka taýýarlyk işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlary jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm syýasy waka bolar. Şu günler döwletimiziň syýasy partiýalaryndan, raýat toparlaryndan öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek giňden ýaýbaňlandyrylýar. Öňde durýan saýlawlara dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisler we ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär. Dalaşgärleriň halkyň arasynda uly hormata eýe, zähmetsöýer adamlardygyny bellemek ýakymlydyr. Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk işleri ýurdumyzda we türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň uly orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Çary ÖWEZOW.

34
34 18.03.2026
Asuda  durmuşyň  ýörelgesi

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygy parahat, asuda durmuşyň taglymaty bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty ählumumy howpsuzlygy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Onsoňam, bu syýasat içerki durnuklylyk we yzygiderli ösüş üçin amatly daşarky şertleriň döredilmegine mümkinçilik berdi. Bitaraplyk döwletimiziň daşary syýasatynyň üýtgewsiz binýatlyk ýol-ýörelgesi bolmak bilen, döwletimiziň dürli halkara guramalary we ähli ýurtlar bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmeginde netijeli esas bolup durýar. Geçen 30 ýyldan gowrak döwrüň içinde wagtyň synagyndan geçen Bitaraplyk taglymatymyz durmuş tejribesinde many-mazmun taýdan baýlaşdy. Bu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykyp, döwletimizi bütin dünýä parahatçylyksöýüjilikli döwlet, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanaýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly daşary syýasaty ýurdumyzyň içeri syýasatynyň sazlaşykly dowamy bolmak bilen, Türkmenistan Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösüşine kuwwatly itergi berýär.  Şatlyk ATAÝEW.

37
37 18.03.2026
Bedew batly ösüşli Diýar

 Ýolöten etrap häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde maslahat geçirildi. “Diýar bedew batly ösüş ýolunda” ady bilen geçirilen maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.   Bu maslahatda TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleri, behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, çalasynlygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik  işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.  Akmuhammet AGAJUMAÝEW.  

57
57 06.03.2026
Işjeň  taýýarlyk  görülýär

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda jemgyýetimizde möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka işjeň taýýarlyk görülýär. Şu günler Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu şanly  ýylymyzyň wajyp wakasy bolmak bilen, oňa taýýarlykly  barmak we  guramaçylykly  geçirmek üçin ähli  tagallalar  edilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda öňde durýan saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu mesele boýunça syýasy partiýalar we raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisleri we ýygnaklary geçirmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakanyň talaba laýyk geçirilmegine hemmämiz saldamly goşandymyzy goşmalydyrys. Resul BAÝRAMOW.

55
55 06.03.2026
Bedew batly, at-myratly Watanym!

Ýolöten şäher medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň  bilelikde guramagynda “Bedew batly, at-myratly Watanym!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Ogulboldy Kowusowa, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Watanymyzyň ösüşleri, halkymyzyň baýlygy, köňül buýsanjy we milli mirasy bolan bedewlerimiziň ýyndamlygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.  Toýly ANYŞOW.

61
61 27.02.2026
Saýlawlara taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek syýasy jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülip, häzirki wagtda dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. 102-nji “Jemgyýet” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär Mary welaýatynyň Mary şäher Salgyt bölüminiň Hasap we hasabat  bölüminiň başlygy Jumamyradow Atajan Çarymyradowiç, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bili, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni Nepesowa Zyba Serdarowna, 104-nji “Peşanaly” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni Myradowa Jahangül Mämmetorazowna, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň müdiri Alyýew Begenç Berdimyradowiç we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat Mary şäher komitetiniň başlygy Annadurdyýew Mekan Çarymyradowiç dagylar bilen duşuşygy Mary etrabynyň 38-nji orta mekdebinde hem-de etrabyň medeniýet öýünde duşuşyklar geçirildi. Bu ýerde ilki bilen dalaşgärleriň ynanlan wekilleri çykyş edip, olar 102-nji “Jemgyýet”, 104-nji “Peşanaly saýlaw okruklary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärleriň terjimehallary hem-de durmuş ýollary barada gürrüň berdiler. Soňra dalaşgäriň özileri hem çykyş edip öz maksatnamalary bilen saýlawçylary giňden tanyşdyrdylar.

120
120 26.02.2026
Dostlukly gatnaşyklaryň beýany

      Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň netijelerine we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, duşuşyklaryň ýurdumyzy ösdürmekdäki ähmiýet we bu döwlet bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda diýarymyzda gazanylýan üstünlikler we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Bitarap watanymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklary barada-da aýratyn nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.  

1403
1403 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1189
1189 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1447
1447 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1364
1364 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1323
1323 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1530
1530 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1134
1134 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1350
1350 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.