Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça asylly däbi dowam etdirmek bilen bu ýyly hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, maslahat-duşuşyklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatymyzda hem yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaralaryň biri hem Ýolöten etrap medeniýet merkezinde Ýolöten etrap häkimliginiň we Ýolöten etrap medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyzdyr Watanymyz, bagtyýardyr ilimiz” ady bilen geçirildi. Dabara hormatly il ýaşulylar, kümüş saçly mährem enelerimiz hem-de etrabyň bagtyýar raýatlary gatnaşdylar. Dabara gatnaşanlar Watanmyzyň ösüşlerini wasp edýän göwün joşduryjy aýdym-sazlara, ajaýyp tanslara tomaşa etdiler. Dabara gatnaşyjylar eziz türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








