,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Mary welaýatynyň Mary etrabynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary etrap komitetiniň, Ýaşlar Guramasynyň etrap geňeşiniň, Agrar partiýanyň etrap komitetiniň we etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Etrabyň döwrebap Medeniýet öýünde ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan şan-şöhratyň dünýä ýaýylýar“- ady bilen geçirilen bu dabaraly çärä Mary etrap bilim edaralarynyň işgärleri, ýaşuly gojalar, mährem eneler, we etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlary gatnaşdylar. Bu ýerde etrabyň sungat ussatlary hoş owazly aýdymlary bilen çykyş etdiler we etrabyň “Marguş” tans toparynyň uly ussatlyk bilen ýerine ýetiren döwrebap tanslary ruhubelentlik eçilip, bu ýere gelenleriň kalbyny has-da joşdurdy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli zamanasynyň barha şan-şöhrata eýe bolýan ajap döwrümiziň waspy giňden beýan edildi. Dabaradaky ýürekleri joşduran şirin mukamlaryň ählisi halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri bolup ýaňlandy. Dabaranyň dowamynda Bedew batly öňe barýan Watanymyzyň täze ady bilen baglanyşykly edilen täsirli gürrüňler bu ýere ýygnananlara ýakymly duýgulary bagyşlady.
Nurjahan Mämmedowa.








