TKA-nyň Garagum
etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport
bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn ruhly — sagdyn nesi»” at bilen wagyz-nesihat
duşuşygy geçirildi. Duşuşyk bedenterbiýe we sport bölüminde guralyp, oňa
TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmenleri, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri
hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat
duşuşygynda TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgäri Läle Agaýewa, TMÝG-niň etrap
geňeşiniň işgäri Ogulbagt Amanmyradowa we etrabyň bedenterbiýe we sport
bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Batyr Akmuhammedow
çykyş etdiler. Olar tertip-düzgün, ýaşlaryň arasynda bolup geçýän düzgün
bozulmalary aradan aýyrmak bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdiler.
Şeýle hem çykyş edenler çagalarymyzyň geljegi üçin bähbitli çäreler dogrusynda
nygtap geçdiler.