Bathyz belentliginde bitýän gara sazak selmeler maşgalasyna degişli bolan gyrymsy agaçdyr. Onuň boýy 7-8 metre ýetýär, takyr çägeli ýerlerde bitýär. Türkmenistanda sazagyň iki görnüşi bolup, olar ak we gara sazakdyr. Gara sazaga ojar hem diýilýär. Ol sazagyň has ýaýran görnüşidir. Sazak 15 — 20-nji fewralda gögerip başlaýar, mart-aprel aýlarynda gülleýär. Onuň gülleýän döwri 5 — 10 gün dowam edýär. Güýz aýlarynda tohumlaýar we tohumy 3 aýa çenli özünde saklanýar. Sazagyň gögerişi ýylyň ygally gelmegine bagly bolýar. Ol ýerasty suwuň ýakyn bolan ýerlerinde ösýär. Mart-aprel aýlarynda emeli usulda ekilýär.
Gara sazak 50 — 70 ýyl, käbirleri 100 ýyla çenli ýaşaýar. Bu ösümlik her ýyl tohumlamaýar. Bathyz çägeliginde birinji ýyly haýal ösýär, soňky 5 — 6 ýylda ösüşi gowulanýar. Gara sazagyň güýçli köki bolup, ol 7 metre çenli çuňluga gidýär. Sazagy emeli usulda ekmek çägeli ýerleri berkitmekde gowy netije berýär. Gara sazak her hili howa şertlerinde hem gögerip, ösüp bilýär. Onuň gapdal kökleri bolmaýar. Ilkinji ýyllarda sazagyň tohumlamasy hem gowşak bolýar, 35 — 40 ýaşda köp mukdarda tohum berip bilýär. Gara sazagyň pürleri tutuş ýylyň dowamynda düýeler, dowarlar üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Çöl ösümligi bolan sazagy emeli usulda ekmek tokaýlary döretmekde peýdalydyr.
Türkmen tebigatynyň asyl durkuny saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Annamyrat JUMADURDYÝEW.








