Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen oba zähmetkeşleriniň alyp barýan işlerinde üstünliklere eýe bolmagy üçin oňyn şertler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi daýhanlaryň zähmetine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Bu bolsa ýer eýelerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary uly yhlas bilen ajaýyp zähmet üstünligine eýe boldular. Olar 345 müň tonnadan gowrak dänäni taýýarlap, bereketli hasyly Watan harmanyna tabşyrmak bilen bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň galla oragyna ak pata bermegi bilen ýagşy dilegler edip, ýygyma girişen gallaçylar möwsümi guramaçylykly alyp bardylar. Kuwwatly kombaýnlar daýhanlaryň daýanjy bolup, gije-gündiz bökdençsiz işledildi. Her bir işde bolşy ýaly, galla oragynda hem agzybirlikli alnyp barylan iş özüniň ajaýyp netijesini berdi. Çekýän zähmetleriniň ýerine düşýändigine ruhlanýan gallaçylar her bir täze hasylyň aladasyna tutanýerlilik bilen girişýärler.
Biz hem zähmet ýeňşini gazanan hasyl ussatlaryna “Harmanyňyza bereket edermen, gallaçylar!” diýýäris.
Durdynabat BAÝRAMOWA.