Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda päk zähmet bilen ýetişdirilen bugdaýy ýygnamak işi guramaçylykly dowam edýär. Galla oragy möwsümine tejribeli kärendeçileriň, olaryň ýardamçysy bolýan mehanizatorlaryň ähli tarapdan taýýarlykly gelmegi işiň bökdençsiz alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Işiň dowam edýän pursatlarynda jemgyýetçilik guramalarynyň kärendeçileriň arasynda bolup, olaryň armalaryny ýetirmekleri hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Golaýda TDP-niň Türkmengala etrap komiteti etrabyň “Türkmenistan”, “Täze dünýä”, Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynda bolup, olaryň armalaryny ýetirdiler. TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Muhammetnazar Täşliýew öňdebaryjy kärendeçileredir mehanizatorlara ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.
Şeýle sowgat gowşurylyş çäresi Baýramaly etrabynyň bugdaýly meýdanlarynda hem bolup geçdi. Hasyl ussatlaryny işe has-da höweslendirmek maksady bilen TDP- niň etrap komiteti tarapyndan hem sowgatlar gowşuryldy.
Durdynabat BAÝRAMOWA.