Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kiçi hem orta telekeçilik ulgamyna döwletimiz tarapyndan berilýän giň goldawlar netijesinde bu gün ýurdumyzyň hususy ulgamy milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagynda, ösmeginde möhüm orny eýeleýär. Döwletimiziň sebitlerindäki hereket edýän hususy kärhanalarynda, işewürlik hojalyk jemgyýetlerinde öndürilýän bäsleşige ukyply azyk hem senagat önümleri bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň emele getirilmegine möhüm goşant bolup, alyjylaryň ösen isleglerini doly kanagatlandyrýar. Mary welaýatyndaky hususy kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriniň telekeçilerem häzirki wagtda içerki bazarda oz ornuny tapmak üçin täze gözlegler bilen zähmet çekýärler.
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Jumadurdy Atajanow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän “Gadyr” haryt nyşanly tikinçilik hususy kärhanasynyň öndürýän önümlerem alyjylar tarapyndan uly isleg bilen satyn alynýan hyrydarly harytlardyr. Kärhananyň işe girizilmegi bilen elleri hünärli gelin-gyzlaryň ençemesine iş orunlary döredi. Esasan işçi geýimlerini öndürmegi iş ugry edinen bu kärhananyň önümçilik bölümleri Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýaly tikinçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrlandyr. Bu işewürlik kärhanasy öz önümlerini halk hojalygynyň dürli ugurlarynda senagat maksatly önümçiligi alyp barýan kärhanalaryň, şeýle hem ilatyň buýrmalary esasynda öndürýär. Öndürilýän önümleriň hemişe ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek kärhananyň işgärleri üçin işde baş ýörelge bolup durýar.
Täzelikde kärhanada çagalar hem-de uly adamlar üçin sport egin-eşiklerini, mekdep ýaşly çagalar üçin okuwçy lybaslaryny öndürilmegi ýola goýuldy. Döwletimiz tarapyndan hususy ulgama berilýän giň kömek-ýardamlar bu telekeçilik kärhanasynyň işewürlerini täzeçe gözlegler bilen döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Olar ilat tarapyndan köp isleg bildirilýän harytlaryň görnüşlerini artdyryp, içerki bazardaky orunlaryny berkitmegi aýdyň maksat edinýärler. Işewür telekeçiler häzirki günlerde kärhananyň önümçiligini barha giňeltmegiň üstünde işleýärler. Önümçiligiň giňeldilmegi birinjiden haryt bolçulygynyň emele gelmegine, ikinjiden hem ýaşlar üçin täze iş orunlarynyň döremegine ýardam berer. Kärhananyň işgärleri ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyny ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.