Eýsem, hakyky adamkärçilik bizden alysdamy? Çynyň bilen isleseň, ol edil gapdaljygyňdaky zatdyr.
***
Azajygam bolsa, hoşniýetli bolmaga çalşyň! Şonda başga hili gylyklardan ara açarsyňyz.
***
Juda akyllylara hem aňrybaş samsyklara hiç zat öwredip bolmaýar.
***
Kyrk ýaşyna çenli özi hakynda diňe ýaramaz pikir döreden adamyň soň düzelerine umyt etme.
***
Ýeke-täk hakyky ýalňyş — öz öňki ýalňyşlyklaryňy düzetmezlikdir.
KONFUSIÝ.
***
Işine yhlas edip, zadyny tygşytly tutmagy başarýanlar;
Öz bilimini artdyrmaga ymtylýanlar;
Içgidir aýala kowalaşmaýanlar;
Bergi etmeýänler;
Giç ýatyp, ir turýanlar;
Ýerini öz wagtynda işläp, bejerýänler;
Hasyly wagtynda ýygnaýanlar;
Aýallary agzybir maşgala;
Puldur zadynyň hasabyny ýöredýänler —
— hökman baý bolar.
***
Ata-babalaryň işini dowam etmegi;
Sözüňde tapylmagy:
Päk hem sypaýy bolmagy;
Düşnükli hem akylly sözlemegi;
Öz mertebesini saklamagy;
Sylag-hormatlylygy hem päk ýürekliligi;
Okumyşlygy hem bilimdarlygy;
Akylly adamlar bilen dostluk açmagy;
Keýpi-sapa, oýun-baza gyzykmazlygy;
Öz maksadyňdan dönmezligi;
Her hili işden baş çykarmaklygy —
— ogluňyza nesihat ediň!
Li ŞIN-IN
***
Üstünlik gazanmaga höwesek bolma! Ýoluňy urdurman gezseň — üstünlik şoldur. Adamlardan merhemede garaşma! Olaryň ýigrenjine sezewar bolman gezip bilseň, şony aňrybaş merhemet hasap et!
***
Ikirjiňlenmek, pikirini üýtgetmek adamlara mahsus gylyk. Durmuş ýollary bulaşyk hem howply. Geçip bilmejek ýeriňde yza çekilmäni başar. Geçip biljek ýeriňde özgeleri özüňden öňe goýber.
Hun SZYÇEN.








