Magtymguly Pyragynyň paýhasly dünýäsi, çuň many-mazmunly döredijiligi gözýetmez ummandyr. Şahyryň setirlerinden biz özümize gerekli paýhasly sözleri, jaýdar maslahatlary, göwnüňe hoş ýakýan pikirleri, düşünjeleri tapyp bilýäris. Ol setirlerde biziň geçmişimiz, şu günümiz we geljegimiz bar. Ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde, olarda il-ýurt, Watan mukaddesligi, agzybirlik, arkalaşyk, dost-doganlyk ýaly duýgulary kemala getirmekde şahyryň şygyrlary gory gowzamaýan baýlykdyr.
Ata-babalarymyz Garaşsyzlygyň — özbaşdak döwletliligiň arzuwynda ýaşapdyrlar. Olaryň arzuw-hyýallary şol agyr döwürde milletimiziň diline we ar-namysyna öwrülen şahyrlarymyzyň, danalarymyzyň döredijiligine, pähim-paýhasyna uly täsir edipdir. Olar akyldar şahyryň döredijiliginde çuňňur beýanyny tapypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby şahyryň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu eserinde Magtymguly Pyragyny «Parahatçylygyň şahyry» diýip häsiýetlendirýär. Çünki, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden paýhas elegi bolup geçýän we ajaýyp zamanamyza şugla saçýan taglymlaryň biri hem parahatçylyk baradaky garaýyşlardyr.
Bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwerlige, dostluga, agzybirlige, ynanyşmaga esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň özeninden milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň eriş-argaç bolup geçýändigini buýsançly nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, öz şygyrlarynda adamzat gymmatlyklaryny, ähli döwürler üçin derwaýys bolan agzybirlik ýörelgelerini öňe süren Magtymguly Pyragy agzybirligiň ündewçisidir, parahatçylygyň şahyrydyr:
Beýik şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk hökmünde dünýäniň medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Şahyryň eserlerinde bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, sözüňe ygrarlylyk, döredijilige, dost-doganlyga, wepadarlyga çagyryş beýan edilýär. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, baky Bitaraplygynyň esasyny emele getirýär.
Hakykatdan-da, öz şygyrlarynda adamzat gymmatlyklaryny, ähli döwürler üçin derwaýys bolan parahatçylyk, agzybirlik we erkinlik ýörelgelerini öňe süren şahyryň edebi mirasynda giňden orun alan ynsanperwer pikirler bu günki gün bütin dünýäde hoşniýetli goňşuçylygy, bitewüligi, raýdaşlygy berkarar etmäge gönükdirilen maksatlara doly laýyk gelýär.
Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, Berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak we goşant etmek biz üçin uly bagtdyr. Munuň üçin biz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Gülnar BERKELIÝEWA.








