Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady-durmuş taýdan ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde dünýäniň dürli döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar durnukly ösdürilýär.
Halkara hyzmatdaşlygynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda köpugurly gatnaşyklar barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Iki dostlukly döwletiň arasyndaky ykdysady-söwda gatnaşyklarynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, durnukly ösdürilýär. Gaz senagaty pudagynda iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk Ýolöten etrabynyň çägindäki “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmekde has-da aýdyň ýüze çykýar. Bu gaz käninde hytaýly hyzmatdaşlar bilen bu iri gaz ýatagyny özleşdirmekde tutumly işler alnyp barylýar. Bu babatda biz ýene bir guwançly wakanyň şaýady bolduk. Has takygy, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyryna badalga berilmegi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Has anygyny aýtsak, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmaklarynda Ýolöten etrabynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we şol möçberde harytlyk gazy çykarmak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga berildi. Elbetde, bu şanly waka türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolup, täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Badalga bermek dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň eden çykyşynda belleýşi ýaly, özara gatnaşyklarymyzda we ykdysady hyzmatdaşlykda dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrýan işlerimiz örän uly ähmiýete eýedir.
“Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyryna badalga berilmegi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze sahypany açdy. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi tebigy gazyň çykarylmagyna hem-de daşary ýurtlara eksport etmekde aýgytly ädim bolar.
Baýram AMANOW.








