8-nji mart baýramy – Halkara Zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň “Döwletli zaman” şäherçesinde köp çagaly bagtyýar eneleriň täze göçüp baran ýaşaýyş jaýlarynda tutulan toýlar bilen utgaşdy. Bu döwrebap şäherçede welaýatyň ýaşaýjylary bolan hem-de sekiz we ondan köp çagany dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdiren, Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkýusup geňeşliginiň ýaşaýjysy Hommadowa Täjigözel hem-de Baýramaly etrabynyň Azat geňeşliginiň ýaşaýjysy Hojakowa Hajar bagtyýar ojaklarynda tutulan toýlaryň dabarasy alyslara ýaň saldy. Toýy gutlap gelen myhmanlar toý eýeleri tarapyndan mähirli we güler ýüz bilen garşylandy. Köp çagaly bagtyýar maşgalalara ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň sowgat berilmegi mynasybetli bu ýerde aýdym – sazlaryň şirin owazy belentden ýaňlandy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, estrada aýdymçylaryň, bagşylaryň ýerine ýetiren döwrebap çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il – ýurt bähbitli işleri, halkymyzyň bagtyýar geljegi barada edýän aladalary, türkmen toýunyň dabarasy, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, bahar pasly kimin nurana gelin – gyzlarymyz, mährem enelerimiz beletden wasp edildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şowhunly çykyşlaryny bu dabaraly toýa gatnaşanlar dowamly el çarpmak bilen garşyladylar. Toý dabarasynda çykyş eden adamlar Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri we olaryň bagtyýar maşgalalaryny Halkara Zenanlar güni hem-de täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelmekleri bilen gutladylar. Soňra toý dabarasynda sekiz we ondan köp çagany dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdiren enelere we olaryň bagtyýar maşgalalaryna Hormatly Prezidentimiziň Şa sowgady bolan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu tolgundyryjy pursatlar bagtyýar eneleriň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak şatlykly günleriň biri boldy. Täze jaýyň açaryny ellerine alyp, ony üç mertebe ýüzüne sylan bagtyýar maşgalalaryň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatlary olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bolan begenç hem buýsançlarynyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Dabarada täze jaýlaryň eýeleri bolan bagtyýar eneler hem çykyş edip, baýramçylyk günlerinde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýyny sowgat berendigi hem-de halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrmak barada edýän çäksiz aladalary üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Bu ýerde folklor toparynyň halkymyzyň gadymdan gelýän jaý toýunyň dessurlaryny şöhlelendirip ýerine ýetiren şowhunly çykyşlaryny dabara gatnaşanlar dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bu bagtyýar maşgalalar üçin goşa baýram, goşa toý bolup geldi. Bu ýerde gelin-gyzlaryň tamdyra çörek ýapmaklary we milli tagamlaryň taýýarlanylyp, toýa gelen myhmanlara hödür edilmegi, bagtyýar körpeleriň çaga dünýäsine mahsus milli oýunlary oýnamaklary şu günki dabaranyň myhmanlarynyň şatlygynyny has-da artdyrdy. Bu günki jaý toýyna gelen myhmanlar soňra jaýlaryň içine aýlanyp, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy berjaý edip, onda ýaşamak üçin döredilen giň mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Ýaşaýyş jaýlarynda maşgalalaryň oňaýly ýaşamagy üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Täze jaýlar tämiz we döwrebap otaglary dürli görnüşli hojalyk mebelleri, aşhana enjamlary we öý hojalygy üçin zerur bolan beýleki enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Bu bolsa bagtyýar raýatlarymyzyň döwrebap ýaşamaklary üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli aladalaryň edilýänliginden aýdyň nyşandyr. Öý eýeleri bu günki baýramçylyk gününde toý saçagyny giňden ýazdylar. Naz-nygmatdan doly desterhanyň başynda hem täze ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolan bagtyýar maşgalalara gutlag sözleri beýan edildi. Baýramçylyk gününde Şa sowgadyna – täze ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolan bagtyýar maşgalalar halkymyzyň eşretli durmuşy barada edýän uly aladalary we ýurdumyzyň aýal – gyzlaryna, nurana ýüzli enelermize goýýan belent hormat – sarpasy üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Baýramçylyk gününde köp çagaly bagtyýar eneleriň täze göçüp baran ýaşaýyş jaýlaryny gutlap gelen myhmanlara, ýaşululara we mährem enelere toý düwünçekleriniň gowşurylmagy hem halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däpleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde hem giňden dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şu günki baýramçylyk mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň şa sowgady bolan täze ýaşaýyş jaýyny almak bagty miýesser eden köp çagaly maşgalalaryň agzalary öý ojaklarynyň daş-töweregine bag nahallaryny oturtdylar.
Parahat Gurbanow.








