Gadym zamanlarda ýary gije adamlaryň süýji ukuda ýatandyklaryndan peýdalanyp, talaňçylar küren obanyň üstüne çozýarlar. Olar gijäniň asudalygyny bozup, obany talap weýran etmekçi bolýarlar. Zandyýaman talaňçylar obanyň gyrasyndaky öýüň deňinde saklanýarlar. Öňden gelýän talaňçynyň gapyny döwüp girmekçi bolup barany hem şoldy welin, ol birden jadylanan ýaly bolup doňup galýar we yzyndan ýetip gelýänlere: «Duruň!» diýip, yşarat edýär. Şeýle doňýürek zalymy pälinden gaýtaran, doňňaradaşa dönderen zat nämekä? Içerden ýuwaşja eşidilen hüwdi bütin obanyň, hatda tutuş dünýäniň asudalygyndan habar berýän ýalydy. Doňňaradaşa dönen zalym diň salsa, gijäň içinde dünýäden bihabar bir ene ukudan galyp, balasynyň asudalygyny goraýan eken:
Allan-allan alançak,
Akar suwlar bulançak.
Altmyş başly ak öýüň,
Gelşigidir sallançak.
Enäniň jana ýakymly şirin hüwdüsi duşmany pälinden saklap, jadylaýjy hüwdüni soňuna çenli diňlemäge mejbur edipdir. Ol: «Ejem hem meni çagajykkam köşeşdirip, näçe gijeläp hüwdi aýdyp, ukusyz daňy atyrdyka?» diýip, çuň oýa batypdyr we talaňçylygy goýbolsun edipdir. Ine, şeýdip öýde ýaňlanan ene hüwdüsi bütin obany talaňçylardan halas edipdir.
Oguljan ORAZGYLYJOWA.








