Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda hem Sakarçäge etrap häkimliginiň, Sakarçäge etrap Zenanlar bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň Zenanlarymyzyň zähmetiniň miweleri eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işlerimize gelin-gyzlarymyzyň mynasyp goşan goşýandyklary üçin men olara minnetdarlyk bildirýärin” diýen sözlerinden, görelde mekdebine öwrülen Ogulbagt ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp”Hünärim bar-hormatym bar” atly hünär basleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmen halkynyň milli öz boluşly aýratynlyklaryny,ýurdumyzyň zenanlarynyň erkana işlemegi,hünär öwrenmegi,telekeçilik bilen meşgullanmagy,tikinçilik we el işlerine ussat zenanlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler barada ellerinden dür dökülýän tikinçi zenanlar,ýaşlaryň arasynda el işlerine bolan höwesini artdyrmakda alyp barýan işleri barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Eli hünärli zenanlar bäsleşigiň dowamynda köýnek biçmegi we tikmegi başardylar. Soňra milli lybaslaryň we olara salynan nagyşlaryň gadymylygy we nagyşlara siňen syrly şekillerini matasynyň saýlanyşy we biçilişi tikilişi barada giňden gürrüň berdiler. Bäsleşigiň ahyrynda eli hünärli zenanlar taýýarlan milli lybaslaryny çeper sözler we aýdym saz bilen wasp edip Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň sowgatlary bilen sylagladylar
Suwhan Kulyýew.








