Ata Watanymyzyň gözel tebigatynyň haýwanat we ösümlik dünýäsini aýawly saklamak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak hemişe derwaýys mesele bolmagynda galýar. Sebäbi, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsine aýawly çemeleşip, bu gymmatlylygy geljekki nesillere ýetirmek şu günki günde öňümizde durýan jogapkärli wezipedir. Hormatly Prezidentimiz bu wajyp meseläniň oňyn çözgüdine uly ähmiýet berip, bu babatda degerli wezipeleri öňde goýýar.
Ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramagyň kanunçylyk-hukuk ýagdaýy kämilleşdirilýär. Bu bolsa gaýtalanmajak tebigatymyzyň aýawly saklanylmagynyň, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmagyň, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagyň we çölleşmegiň öňüniň alynmagynyň bähbitli çözgütlerine ýol açýar. Şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek dabaralaram gowy netijesini berýär. Şu ählihalk çäreleriň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekdäki ähmiýetine Diýarymyzyň çar künjeklerinde peýda bolýan tokaý zolaklary, bagy-bossanlyklar şaýatlyk edýär. Bag ekmegi sogaply iş hasaplaýan halkymyz abadan ertirine ynamly barýar.
Arzygül ATAJANOWA.