Ümür Esen halypa elmydama: “Il içinde aýdylmadyk gep ýok, eşidilmedik gürrüň bar” diýerdi. Arada hormatly ýaşuly, ýaşy 90-nyň onlugyna ýetip barýanam bolsa ýat-huşy metda diýilýän goja, Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň ýaşaýjysy Jumadurdy Aky oglunyň golýazmalaryna seredip otyrkam, öň okasagam, eşitsegem beýledir öýtmeýän söz jümlelerime gabat geldim. Men şolary Jumadurdy aganyň ýazyşy ýaly okyjylara ýetirmegi makul bildim.
“Ilki degen ýumrugyň däsiri artyk” diýen jümle maňa ozaldan hem gyzyklanyp ýören şu söz jümlämiň manysyny gözlemäge itergi berdi. Eýsem, däsiri nämekä? Bu sowala obamyzyň ýaşulusy Beki aga şeýle jogap berdi:
— Däsiri — agyrlyk ölçegi. “Batman atadan däsiri ogul dörär” diýen nakylam bardyr. Ýöne onuň näçe kilograma deňdigini bilemok.
“Ýitig ýitigi tapar” diýlişi ýaly, obadaşymyz, 80 ýaşly Begli aga hem Beki aganyň aýdanlaryny tassyklap, pensiri, siri ýaly agyrlyk ölçegleriniň hem bardygyny ýatlap, olaryň mukdaryny bilmeýändigini aýtdy. Bulardan başga-da geçmişde ýörgünli ulanylan gadak, kirbenke, put, batman ýaly, agyrlyk ölçegleri hem bar.
Arada maňa Saragt etrabynda ýaşaýan 90 ýaşly Gurt Jankulyýew bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Daşyndan göräýmäge togsan ýaşly diýip bolmajak kamaty dik, ýüzi nurana, ýatkeşligi oňat bu gürrüňçi goja diňe söwda bilen meşgul bolupdyr. Men oňa gyzyklanýan zatlarym barada sorag berdim. Ine-de onuň nagt jogaby:
Batman — 56 gadak, 22 kg. 400 gr.
Put — 40 gadak, 16 kg.
Däsiri — 14 gadak, 5 kg. 600 gr.
Pensiri — 7 gadak, 2 kg. 800 gr.
Siri — 3,5 gadak, 1 kg. 800 gr.
Gadak — 400 gr.
Gurt aga şol döwürlerde ulanylan pul birlikleri barada-da gyzykly gürrüň berdi. Ýaşulularymyz käte bihepberäk ogluna gaharlananda:
— Öýe bir jinnekligem peýdaň ýok — diýip, ýa-da “Bir jinnekligem akylyň ýok” diýip, käýinerdiler. Görüp otursak, jinnek atalarymyzyň ulanan maýda pul birligi eken.
Türkmen gadymyýetden gaýdan halk bolany üçin onuň arkama-arka kämilleşip gelen dil baýlygy hem egsilmejek hazynadyr.
Amanmyrat ÝAMADOW.








