Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň edebi hazynasy dürli döwürlerden miras galan golýazmalar çeşmesine baýdyr. Halkymyzyň edebi baýlygy bolup duran şol golýazmalaryň arasynda takmynan, XV asyrda ýaşap geçen türkmen akyldary Aly Ibn Hüseýin Allahy Türkmeniň “Edepleriň täji” atly kitaby-da bar. Ata-babalarymyzyň ahlak-edep kadalaryny giňişleýin beýan edýän bu kitapdan terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan paýhasly pikirleri söýgüli neşirimiz bolan “Maru — şahu jahan” gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.
Edep bir täçdir, nury Alladan.
Geý, ol täji, gutarar her beladan.
***
Edep bir täçdir, ýöne ol täji başa geýmek her kime miýesser etmez.
***
Her bir kişä ylym, bilim, edep, gylyk-häsiýet öwrenmek üçin ussat gerek.
***
Gylyçda wepa bolmaz. Ol kimiň elinde bolsa, şonuň diýenini eder.
***
Ýola çykmazdan ozal, ýoldaş tutun!
***
Dawaly-jenjelli ýerden daşda duruň!
***
Eger aýbym açylmasyn diýseň, kişiniň aýbyny açma!
***
Ataň dostlaryny terk etme, çünki, ata dosty ogla mirasdyr.
***
Hapadan ýygnanan baýlyk peýda getirmez.
***
Ýalan sözüň soňy puşman etmek, utançly we masgara bolmakdyr.
***
Köp sözleýän adam sözüni we özüni bigadyr eder.
***
Owadan hat gözlere nur, ýüreklere şatlyk bagyşlar.
***
Ylym deňizdir, oňa gutarma ýokdur.
Toplan
Annamyrat BERDIMYRADOW.








