Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony ýaş nesle ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde edebi mirasymyzyň uly ähmiýeti bardyr.
Türkmen halkymyz millilige, senetçilige uly üns berýär. Şonuň ýaly-da, biziň gelin-gyzlarymyz gadymdan gelýän el işlerini häzirki döwrümizde hem ýerine ýetirýärler. Olaryň biri-de gündelik ulanylýan ýorgan-düşeklerdir. Türkmen halkymyzyň durmuşyny ýorgan-düşeksiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Maşgalada ogul öýerilip, gyz çykarylsa-da, oňa beýleki goşlary bilen bilelikde birnäçe ýorgan-düşek we ýassyk berilýär.
Gadym döwürlerde enelerimiz ýorganlary uly ölçegli, döwürýanly biçip tikipdirler. Olaryň ýorgan biçüwleri häzirki günlerimize hem gelip ýetipdir. Ýorganlyk saýlanyp alynmaly mata emeli süýümlerden däl-de, tebigy süýümlerden dokalan bolsa has gowy bolýar. Tikin işlerine ussat gelin-gyzlarymyz uly adam üçin niýetlenilen ýorganyň boýuny, adatça 2 metr, inini 1,4 metre barabar edip, oňa 2 kilogram düýe ýüňüni ýerleşdiripdirler. Ýorganlyk üçin alnan düýe ýüňüniň gataňsy, uzyn gyllaryny sogrup almaly. Çöp-çalamlaryny, bürmeklerini aýyrmaly. Onsoň ýüňleri sabynly suwda gaýta-gaýta çyrpyp ýuwmaly-da, syryga ýazgyn edip sermeli. Guransoň, saýylan ýaly tüýtmeli ýa-da galyň düşek edip, düşegiň üstünde saýgyç bilen ýeňil silkibräk kakyp saýmaly, bolaňsoň, ýüňi tüýdüp daramaly. Düýe ýüňüni hasa salyp taýýarlap, soň ýorganlyk biçilen mata gaplaňda amatly bolýar. Ýorgan köp wagt ulanylansoň, hasasy könelip, ony täzelemek maksady bilen şeýle edipdirler.
Düýe ýüňünden taýýarlanylan ýorgany gyşyna ýapynylanda has ýyly bolup, onuň adam bedenine bejeriji täsiri bolupdyr. Düýe ýüňünden taýýarlanan ýorganlary käwagt daşaryk çykaryp Güne serseň, ýüňleri howalanyp, çişip, täze tikilen ýaly bolýar. Öý bikeleri düýe ýüňünden ýorgan taýýarlanlarynda şuny berk ýatda saklamalydyrlar. Ýagny, arassalanmadyk düýe ýüňden ýorgan edilse, ol gurçuklagan, güýelegen bolýar. Şonuň üçinem ýüňi örän göwnejaý arassalamalydyrlar. Düýäniň ýüňünden ýassyk etmek hem amatly. Ol ýelek ýaly dürtülip, matanyň daşyna çykmaýar, wagtyň geçmegi bilen owranyp kiçelmeýär.
Ata-babalarymyzyň paýhasa ýugrulan: “Düýe maly — dünýe maly”, “Düýe — döwlet, ýüňi — gudrat” diýen ýaly aýdyp geçen dürdäne sözlerinden, düýe malyndan alynýan önümleriň peýdasynyň örän uludygy bellidir. Şonuň ýaly-da, düýe ýüňünden taýýarlanan guşaklar, dyzlyklar adam saglygyna örän peýdalydyr. Häzirki döwürde durmuşa çykýan gyzlar üçin saç baglyklar, çagalar üçin niýetlenilip taýýarlanýan dürli görnüşli bezelen boýun hem-de ele dakylýan alajalara isleg has-da köpeldi.
Milli däp-dessurlarymyzy, medeniýetimizi we mirasymyzy sarpalap, olary geljek nesillerimize ýetirmekde netijeli işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Galina RAHIMOWA.








