Türkmen halkynyň örän gadymdan gelýän milli baýlyklary bar. Şolaryň biri hem türkmen zenanlaryna mahsus bolan milli lybaslardyr. Biziň gelin-gyzlarymyzy has-da gözel görkezýän inçe we owadan keşdeler bilen bezelen tahýalar, kürtedir çabytlar, al-elwan reňkli keteni köýnekler... bularyň ählisi millilige bolan höwesiňi artdyrýar. Sebäbi, türkmen gyz-gelinleriniň milli lybaslaryna dünýäň ýüzi hyrydar.
Hawa, hormatly Prezidentimiziň milliligimize uly üns bermegi, zenanlara aýratyn sarpa goýmagy netijesinde biçim-tikim bilen meşgullanýan ussat, çeper elli gelin--gyzlaryň sany gün geçdikçe artýar. Şeýle zenanlaryň arasynda guralýan bäsleşikler el işlerine gaýym — gaýma gaýaýan, keşde çekýän, haly dokaýan, keçe taýýarlaýan... zähmetsöýer gyz-gelinleri ýüze çykarýar. Biz olara guwanmaga haklydyrys.
Häzirki döwürde gyz-gelinler el işlerini uly höwes bilen ýerine ýetirýärler, geýjek egin-eşiklerini dürli keşdeler bilen bezäp, millilige uýýarlar. Munuň şeýledigine durmuşa çykjak gyzyň elbukjasyndaky owadan nagyşlar bilen sünnälenip bejerilen milli lybaslaryny synlanyňda-da, göz ýetirmek bolýar. Bütin barlygyň gözelligini özünde jemleýän läle-reýhan ýaly keşdeler gyz maşgalanyň durmuşyna bezeg berýär.
Akpamyk AGAGELDIÝEWA.








