Mary welaýat häkimliginiň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu dabara “Garaşsyz eýýamly türkmen döwletim Tugumyz asmanda baky parlasyn” – diýlip atlandyryldy.
Bu maslahata dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy agzalary, birleşigiň Mary welaýat bölüminiň köpçülikleýin agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatdaky çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine eýerip alyp baran döwlet syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenýändigini aýratyn nygtalyp geçildi. Ýurdumyz “Açyk gapylar” syýasatyndan ugur alyp daşary döwletlerde ýaşaýan türkmen doganlarymyza dost-doganlyk goluny uzadýar, olara yzygiderli ynsanperwer kömeklerini berýär. Häzirki döwürde dünýäniň çar künjegine ýaýran ildeşlerimiz ýurdumyzyň bedew bady bilen ösüşlerine, Watanymyzyň şan-şöhratyna çäksiz buýsanýarlar, Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerde ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ysnyşykly, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda uly işleri amala aşyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi hem birnäçe işleri durmuşa geçirýär. Bu şanly toýa görülýän taýýarlyk işleriniň dabaralary birleşigiň ähli agzalarynyň köňül kalbyny diýseň joşdurýar – diýlip, çykyşlarda buýsançly sözler beýan edildi. Dabaraly maslahatyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýerine ýetirlen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ynsanperwerlik syýasaty, dost-doganlyk gatnaşyklary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri joşgunly wasp edildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar
Çarymuhammet Saparow.








