«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
weather mary 31° C Mary
weather mary 31° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi

70 06.11.2024

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi.

Resminamanyň teksti bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz: https://documents.un.org/doc/undoc/gen/n24/306/92/pdf/n2430692.pdf

7
7 22.07.2025
"Aýperiniň" batly gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçiligiň ösdürilmegi ykdysadyýetiň sagdynlaşmagyna, onuň durnukly ösmegine ýardam berýär. Telekeçilik işi mynasyp oruny eýelemek bilen ynamly öňe barýan ýurdymyzyň ösüşiniň has ýokary başlangyçlaryna üstünlikli çykmagyna kuwwatly itergi berip, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Aýperi” haryt nyşanly aşhana kagyzlaryny öndürýän önümçilik kärhanasynda hem işler sazlaşykly ýola goýulýar. Ýurdymyzda telekeçilik işlerini giňden ýaýbaňlandyrmak we bu ulgamy ösdürmek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan işlerden ruhlanyp tutanýerli zähmet çekýän Mary welaýatnyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Aýperi” haryt nyşanly aşhana kagyzlary kärhanasynda kagyz önümçilik işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu kärhananyň ähli bölümleri dünýäniň ösen döwletleriniň belli kompaniýalarynyň kuwwatly awtomatik enjamlar toplumy bilen üpjün edilen. Öndürijilikli işlemek üçin gerek bolan 100% Sellüloza çig maly Russiýa, Türkiýe, Özbegistan döwletlerinden getirilýär. Taýýar çig mallar awtomatik usulda dolandyrylýan bu ýokary hilli enjamlar kärhananyň hünärmenleriniň gözegçilik etmegi arkaly işledilýär we ekologiýa taýdan arassa dürli ölçegde aşhana kagyz süpürgiçleri, nemli-gigiýeniki we bakteriýalara garşy süpürgiçleri taýýarlanýar. Awtomatik usulda dolandyrylýan Hytaý halk respublikasynyň bu kämil tehnologiýaly enjamlaryň bir gije – gündiziň dowamynda bir tonna ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçiligi bar. Kärhanada tegeklere saralan süpürgiç matalar, bu enjamlaryň epleýji, nem we hoşboý ys beriji, kesiji, sanaýjy bölümlerinden geçip dürli görnüşdäki gelşikli, ulanmaga oňaýly bolan daşlyklara gaplanýar. Aşhana kagyzlaryna bolsa dürli şekildäki nagyşlar basylyp tegeleklere saralan, eplenen we dürli reňk berilen birnäçe ölçeglerdäki görnüşleri taýýarlanýar. Kärhanada zähmet çekýän hünärmenleriň aglaba bölegi ýaşlar bolup, olar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda giňden belleniljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinýärler. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara işlemäge, dürli kärlerde zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň işgärleriniň bu kärhanada zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleri doly we dogry berjaý etmek barada hem-de ýurdymyzda geçirilmegine doly derejede taýýarlyk görülýän Birleşen Milletler guramasynyň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 3-nji maslahatynyň taryhy ähmiýeti dogrysynda wagyz nesihat çärelerini geçirmekleri, netijeli zähmet çekip, işde tapawutlanan hünärmenleri sowgatlar bilen sylaglamaklary hem aýratyn bellärliklidir. Öndürijilik kuwwaty ýokary bolan bu hususy kärhanalaryň işçileri telekeçilik işlerine uly goldaw berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

7
7 22.07.2025
Täsirli maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik we Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine we bu forumyň ähmiýetine bagyşlandy. “Awaza” forumy – hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasatynyň dabaralanmasy” ady bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalary we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň ýurdumyzda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda  hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimizde häzirki döwürde ulag ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenilip, ýurdumyzda geçirilýän bu iri göwrümli forumyň diňe bir sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara ulag geçelgelerini döretmekde we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde hem uly orna eýe bolup durýandygy dogrusynda hem aýratyn nygtadylar.

7
7 22.07.2025
Bitaraplyk — bagtyýarlyk mukamy

Şeýle at bilen Ýolöten etrap medeniýet öýünde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahata etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymyrat Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Meretgeldi Annakulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Toýly ANYŞOW.

6
6 22.07.2025
Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar

Golaýda etrap merkezi kitaphanasynyň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, etrap merkezi kitaphanasynyň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çärede etrap häkimliginiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Ogulsenem Muhadowa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmegi üçin alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda nygtadylar. Jemal HEZRETOWA.

6
6 22.07.2025
Baky Bitarap Diýar ösüşlere beslenýär

Ýakynda  Mary etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň mejlisler zalynda TDP-niň etrap komitetiniň hem-de TKA-nyň  etrap birleşimesiniň bilelikde guramagynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Baky Bitarap Diýar ösüşlere beslenýär” atly maslahat geçirildi. Maslahata  welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň we TKA-nyň işgärleri we etrapdaky orta mekdeplerde zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, kümüş saçly ene Aýnagözel Baýramowa, etrapdaky 40-njy orta mekdebiň müdiri Hangeldi Atadurdyýew çykyş etdiler. Çykyşlarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikler, şanly ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyny dabaraly bellemäge görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar.   Muhammetgylyç NEPESOW.

14
14 21.07.2025
Murgap önümçilik birleşigi

Ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň bereketli topragymyzdan öndürýän gök we miwe önümleri içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny emele getirip, halkymyzyň bu önümlere bolan isleglerini üpjün edýär. Bu önümleri gaýtadan işläp, ony ýokary hilli azyk önümi görnüşinde ilata ýetirmek ýurdumyzyň söwda ulgamynyň işgärleriniň esasy wezipeleri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň önümi gaýtadan işleýän kärhanalaryň işlerini talabalaýyk ýola goýmak barada öňde goýýan aýdyň wezipelerini ýerine ýetirmekde Mary welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Murgap önümçilik birleşiginiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.    Ilatymyzyň gök we miwe önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ýylyň bütin dowamynda alyjylary bu önümleriň gaplama görnüşleri bilen üpjün etmegi maksat edinip işleýän Murgap önümçilik birleşiginiň işçileri önümi gaýtadan işlemek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy netijesinde önüm öndürmekde zerur bolan gök we miwe önümleri terligi bilen kärendeçilerden we ýer eýelerinden ylalaşykly baha esasynda satyn alynýar. Bu ýere getirilýän miwe we gök önümleriň saýlama görnüşleri ilki bilen hil barlagyndan geçirilip, soňra önümçilige goýberilýär. Önümleri gaýtadan işlemek işleri bolsa kämil tehnologiýaly enjamlaryň kömegi arkaly ýerine ýetirilýär. Birleşigiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynyň  işçileri şu günler hyýar we pomidor ýaly gök  önümleri gaýtadan işlemek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Döwrebap hem göze gelüwli gaplara gaplanylýan önümleriň harytlyk derejesi hem üpjün edilýär. Işçileriň gündelik çekýän irginsiz zähmetleri ýerine-de düşýär. Bu ýerde pomidor, hyýar ýaly gök önümleri gaýtadan işlemek işlerem sazlaşykly alnyp barylýar. Gündelik kabul edilýän gök önümiň hasyllary talabalaýyk derejede arassalanylyp, olardan gaplama görnüşli ýokary hilli azyk önümleriň uly tapgyrlary taýýarlanylýar. Önümçilik kärhanasynda taýýarlanylýan gaplama görnüşli duzlanan gök önümler bolan hyýar we pomidor önümleri hem-de pomidor goýaltmasy özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, halkymyzyň uly isleglerine eýe bolýar. Bu kärhanada möwsümiň dowamynda şular ýaly döwrebap azyk önümleriniň her aýda ortaça 277,7 müň şertli gaby öndürilýär. Hormatly Prezidentimiziň önümi gaýtadan işleýän kärhanalaryň işlerini kämilleşdirmek barada edýän aladalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän bu önümhananyň işçileriniň öndürýän gaplama görnüşdäki gök önümleri içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň emele getirilmegine uly ýardam berýär. Azyk ulgamynyň işgärleriniň öndürýän bu ýokary hilli önümleri daşary ýurtdan getirilýän azyk önümleriň ornuny tutup bilýän önümler bolmagy bilen bir hatarda ýurdumyzda geçirilýän azyk önümleriň sergilerinde-de mynasyp orunlara eýe bolýar. Birleşigiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän bu  önümhanasynyň işçileri şu günler halkymyzyň ösen isleglerini nazara almak bilen bu azyk önümleriniň täze görnüşlerini öndürmekligiň üstünde hem işleýärler.Birleşigiň işgärleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek barada alyp barýan döwlet bähbitli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan edýärler.

32
32 21.07.2025
Welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusynyň esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şu ýylyň  şanly şygaryna bagyşlanylyp Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Mary we Baýramaly, Garagum etrap geňeşleriniň, Mary welaýat kitaphanasynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk, ynanyşmak – ýürek nurumyz” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işjeň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk buýsanjyny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrýandygy, ýylyň dowamynda alnyp barylýan işleriň şol şygaryň mazmuny bilen bir bitewi sazlaşygy emele  getirýändigi barada nygtadylar.

20
20 19.07.2025
Ýokary hilli önümler öndürilýär

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde telekeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen döwletimizde hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak barada edilýän aladalardan ruhlanyp zähmet çekýän Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Ak öý” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanasyny hem ýurdumyzda konditer önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürmekde öndürijilikli işleýän kärhanalaryň hatarynda görkezmek bolar. Önümçilik binýady barha kämilleşýän bu kärhanada halkymyzyň azyk önümlerine bolan ösen isleglerini nazara almak bilen lezzetli kökeleriň birnäçe görnüşlerini öndürmek işleri ýola goýulýar. Bu ýerde dürli görnüşli konditer önümleri bolan kökeleriň 10-dan gowrak görnüşleri öndürilip, içerki bazarlarymyzda mynasyp orun berilýär. Kärhanada öndürilýän keks, krausan, ekler, keta we guradylan çörek ýaly birnäçe görnüşli önümler ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrýar. Karamel, dürli miwe tagamly mürepbeler, krem we birnäçe goşmaça tagamlar bilen öndürilýän konditer önümleri hil babatda hem özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Kärhananyň zähmetsöýer işgärleriniň günde 1 tonna barabar önüm öndürmekleri hem öndürüjilikli zähmet çekmekde üstünlügiň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu ýerde önümçilik üçin zerur bolan çig mallary ýerli bazardan üpjün edilýär. Turkiýe döwletiniň enjamlary arkaly taýýarlanylýan bu ýokary hilli, talaba laýyk önümler halkymyz tarapyndan içerki bazarlarymyzda uly isleglere eýedir. 2023-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýän bu kärhanada zähmet çekýänleriň aglaba bölegi ýaşlar bolmagy hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara işlemäge, dürli kärlerde zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň agzalarynyň bu kärhanada yzgiderli wagyz - nesihat çärelerini geçirmeklerini hem bellemek bolar. Kärhananyň işçileri ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde alyp barýan döwlet bähbitli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar. 

24
24 18.07.2025
Çagalar oňat dynç alýarlar

Çagalaryň häzirki dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda guralýan dürli medeni-dynç alyş çäreleri ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem yzygiderli geçirilip, oňa körpe nesiller ýokary ruhubelentlikde gatnaşýarlar. Mary welaýatyndaky ,,Arkadagyň bagtyýar nesilleri“ çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Mary welaýat häkimligi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan dürli medeni köpçülik we sport çäreleri hem örän täsirli boldy. Bu dabaraly çärä merkezde sapaly dynç alýan bagtyýar çagalaryň uly topary gatnaşdy. Olar çäräniň dowamynda merkeziň çägindäki oýun meýdançasynda çagalaryň arasynda sportyň estefeda görnüşli gyzykly bäsleşikler guraldy. Mundan başga-da çagalar meýdançasynda çagalara ruhy lezzet paýlaýan aýdym-sazly çykyşlar görkezilip, sportuň küşt görnüşi boýunça guralan oýun täsirli boldy. Merkezde çagalaryň wagtlaryny şadyýanlykda geçirmekleri üçin ýörite döredilen sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport zalynda türgenleşik geçmekleri hem ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn bolmaklaryna ýardam etdi. Merkezde dynç alyp wagtlaryny many-mazmuna besleýän bagtyýar çagalar özlerine döredilýän şeýle mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekde çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.

7
7 22.07.2025
Täsirli maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik we Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine we bu forumyň ähmiýetine bagyşlandy. “Awaza” forumy – hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasatynyň dabaralanmasy” ady bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalary we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň ýurdumyzda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda  hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimizde häzirki döwürde ulag ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenilip, ýurdumyzda geçirilýän bu iri göwrümli forumyň diňe bir sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara ulag geçelgelerini döretmekde we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde hem uly orna eýe bolup durýandygy dogrusynda hem aýratyn nygtadylar.

7
7 22.07.2025
Bitaraplyk — bagtyýarlyk mukamy

Şeýle at bilen Ýolöten etrap medeniýet öýünde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahata etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymyrat Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Meretgeldi Annakulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Toýly ANYŞOW.

6
6 22.07.2025
Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar

Golaýda etrap merkezi kitaphanasynyň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, etrap merkezi kitaphanasynyň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çärede etrap häkimliginiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Ogulsenem Muhadowa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmegi üçin alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda nygtadylar. Jemal HEZRETOWA.

6
6 22.07.2025
Baky Bitarap Diýar ösüşlere beslenýär

Ýakynda  Mary etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň mejlisler zalynda TDP-niň etrap komitetiniň hem-de TKA-nyň  etrap birleşimesiniň bilelikde guramagynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Baky Bitarap Diýar ösüşlere beslenýär” atly maslahat geçirildi. Maslahata  welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň we TKA-nyň işgärleri we etrapdaky orta mekdeplerde zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, kümüş saçly ene Aýnagözel Baýramowa, etrapdaky 40-njy orta mekdebiň müdiri Hangeldi Atadurdyýew çykyş etdiler. Çykyşlarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikler, şanly ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyny dabaraly bellemäge görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar.   Muhammetgylyç NEPESOW.

32
32 21.07.2025
Welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusynyň esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şu ýylyň  şanly şygaryna bagyşlanylyp Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Mary we Baýramaly, Garagum etrap geňeşleriniň, Mary welaýat kitaphanasynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk, ynanyşmak – ýürek nurumyz” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işjeň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk buýsanjyny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrýandygy, ýylyň dowamynda alnyp barylýan işleriň şol şygaryň mazmuny bilen bir bitewi sazlaşygy emele  getirýändigi barada nygtadylar.

28
28 18.07.2025
Taryhy waka bagyşlanylan maslahat

Bilşimiz ýaly, awgust aýynyň 4—8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekilmegi mynasybetli welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: giň gerimli özgertmeler we beýik başlangyçlar» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Çemen Akyýewa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa çykyş etdiler. Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýetlidigi, bu halkara forumynyň geçirilmeginiň ýurtlaryň ykdysady, ulag we logistika ugurlarynyň ösmegine täsir etjekdigi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Aýparça AKYMOWA.

62
62 17.07.2025
Täsirli geçdi

Ýakynda Tagtabazar etrap häkimliginiň, etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap kazyýetiniň gurnamagynda etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda möhletde duran hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Täzegül Muhammetöwezowa, etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi Toýly Geldiýew, etrap bilim bölüminiň müdiri Bagtyýar Nurmämmedow, etrabyň polisiýa bölüminiň ýerli wekili, polisiýanyň podpolkownigi Aga Hojagulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler raýatlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak, şeýle-de, tertip-düzgünleri berjaý etmek, kabul edilýän kanulary ýerine ýetirmek barada gyzykly gürrüň etdiler.    Wepa ŞARIPOW.

57
57 17.07.2025
Sagdyn jemgyýet — Berkarar döwlet

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar jaýynda ýokardaky at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TDP-niň welaýat komiteti, TKA-nyň welaýat birleşmesi, welaýat prokuraturasy, welaýat adalat bölümi, welaýatyň polisiýa müdirligi bilelikde guradylar. Çärä ýokarda atlary agzalan guramalaryň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, welaýat prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, welaýatyň polisiýa müdirliginiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Serdar Derýaýew, welaýat adalat bölüminiň baş maslahatçysy Şemşat Meredowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sagdyn jemgyýetiň berkararlygyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaramaz endiklere garşy göreşmekde, jenaýatçylygyň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.  Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. Baýram AMANOW.

61
61 16.07.2025
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirlen bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap, şäher geňeşleriniň işgärleri we kitaphanaçylar gatnaşdy. Bu ýerde ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şanly wakalary we şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçiriljek BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna hem-de ýurt Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly gyzykly söhbetler edildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar parahat ýurdumyzda erkana ýaşaýşy üpjün edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. 

532
532 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

452
452 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

670
670 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

523
523 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

491
491 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

618
618 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

426
426 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

450
450 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.