“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň her bir güni şanly senelere hem-de taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilýän şeýle duşuşyklar diňe bir baýramçylyk çäresi bolman, eýsem etraplardan gelip gowşan teklipleri, ilat ykdysady-durmuş ösişlerini we gelejekki meýilnamalary maslahatlaşmagyň möhüm tapgyrydyr .”Halk maslahatynyň öňindäki bu duşuşyk milli demokratiýanyň taryhy ýoly , jemgyýetiň agzybirligi we döwlet dolandyrşyndaky halk häkimiýetlilik ýörelgeleri giňden delillendirýär. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk mynasybetli Wekilbazar etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Wekilbazar etrap zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty- döwletligiň we jebisligiň nusgasy” ady bilen aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistan yň Halk Maslahatynyň döwlet dolandyryşyndaky hem-de halkynyň bähbitlerini goramakdaky orny, ýurdumyzda alynylyp barylýan belent özgerdişler eri giňden wagyz etdiler. Çärede Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýylynda ýetilen sepgitler hem-de öňde duran möhüm wezipeler barada buýsançly sözler aýtdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzy durnukly ösüşler bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarmyza özleriniň ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar!
Ülker Orazgeldiýewa.








