17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Türkmenistan hem-de Hytaý köp ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, türkmen tebigy gazyny dostlukly ýurda eksport etmek boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugruň strategik häsiýete eýedigini hem-de ony özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda dokma senagaty, demir ýol ulagy, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy.
Ulag ulgamyndaky gatnaşyklara-da aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär.
Söhbetdeşler halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi. Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, bu strategiýada ösüp barýan ýurtlaryň häzirki zaman dünýä gatnaşyklarynda eýeleýän ornuna, parahatçylyk döredijilik işinde öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyna üns çekilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.
HHR-iň Başlygy hytaý tarapynyň Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Si Szinpin ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we hormatly Prezidentimizi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şeýle hem söhbetdeşler «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň biridigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin şeýle formatdaky birinji sammitde hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini nygtady.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy.
TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.