Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň bähbidine sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi
weather mary 13° C Mary
weather mary 13° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň bähbidine sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi

246 06.08.2025

Awaza, 5-nji awgust (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew gatnaşdylar.

Duşuşygyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçýän günlerinde guralmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.

Ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ýörelgesidir. Häzirki wagtda munuň özi halkara gatnaşyklar üçin aýratyn derwaýysdyr. Bu babatda Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklaryň uly orny bar. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly, köpugurly kuwwata eýedir. Olaryň durnukly ösüş, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek ýaly meselelerde garaýyşlary meňzeşdir. Bu ýurtlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm Kararnamalarynyň awtordaşlary bolup çykyş edip, sebit we halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregi goldaýarlar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň soňky ýyllarda geçirilen konsultatiw duşuşyklary sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we uzak möhletli geljekden ugur alyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek babatda bu formatyň netijeli häsiýete eýedigini görkezdi. 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan üçünji konsultatiw duşuşygy kabul etdi we ol “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça forumyň çäklerinde iri halkara çäreleriň birnäçesi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forum we beýleki çäreler guraldy. Olar duşuşygyň resmi maksatnamasynyň üstüni ýetirip, dostlukly goňşy halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna saldamly goşant goşdy.

2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy. Sylaglamak dabarasy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirildi. Şol ýerde şu formatdaky bäşinji duşuşyk guralypdy.

Häzirki wagtda sebitiň içinde, şeýle hem beýleki döwletler we halkara ykdysady birleşikler bilen özara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň döwrebap usullarydyr nusgalary zerur bolup durýar. Olar ählumumy ykdysadyýetiň üýtgäp durýan ýagdaýlaryna, täze ykdysady merkezleriň kemala gelmegine, innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň ähli ýerlerde ornaşdyrylmagyna laýyk gelmelidir. Olaryň ählisi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze, geljegi uly ugurlara çykarylmagyny talap edýär. Şoňa görä, häzirki wagta çenli şu formatda birnäçe sammitleriň we duşuşyklaryň geçirilendigini bellemek gerek. Umuman, ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar hemme ugurlar boýunça bilelikdäki işe kuwwatly itergi berdi. Sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartalarynyň” kabul edilmegi muňa oňyn täsir etdi. Olarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça çäreler kesgitlenildi.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow forumy açyp we belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, hemmelere BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň şu duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu forum Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň doganlyk Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk tapgyry bolup durýar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň güýzünde nobatdaky konsultatiw duşuşygy kabul edýän döwletiň Baştutany hökmünde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkyny ajaýyp Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. “Bu maslahata döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagy dünýä bileleşiginiň ünsüni sebitimiz üçin örän wajyp meselelere çekmäge mümkinçilik berer. Sammitiň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi ýurduň halkara abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky güwäsidir” diýip, Özbegistanyň Lideri aýtdy. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň şu ýylyň noýabrynda Daşkent şäherinde geçiriljek ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän şu duşuşygy guramak baradaky başlangyç üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Prezident Ş.Mirziýoýew konsultatiw duşuşygyň başlygy hökmünde bu formatda geçirilýän bilelikdäki işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň başynda başlyklyk etmegiň konsepsiýasy we çäreleriň tertibi kabul edildi. Olar biziň ýurtlarymyzyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy hem-de milli utgaşdyryjylar tarapyndan ylalaşyldy. Özbek Lideri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, gatnaşyklaryň anyk maksatnamalaryny ilerletmäge gönükdirilen çärelere aýratyn üns berilýändigini belledi. Şu geçen döwürde Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň, senagat, energetika, suw hojalygy we ekologiýa ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Media hem-de ýaşlar forumy üstünlikli guraldy. Ýylyň ahyryna çenli parlamentara forumy, goranmak, söwda, ulag ministrleriniň duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Medeni-ynsanperwer çäreler hem möhüm ähmiýete eýe bolar. Olar biziň doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrar. Sebit hyzmatdaşlygynyň täze gün tertibini kemala getirmek, onuň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, sammitiň jemleýji resminamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew bu konsultatiw resminamalaryň kabul edilmeginiň sebitimizde uzak möhletli geljek üçin işiň strategik ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Daşkent sammitiniň çäklerinde syýasy dialogy çuňlaşdyrmak, serhetýaka söwdany ösdürmek boýunça anyk başlangyçlaryň ençemesini öňe sürmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine suw, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri giriziler. Munuň özi biziň sebitimiz üçin örän wajypdyr. Şeýle hem ulag we howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere-de garalar.

Özbegistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebit dialogynyň örän möhüm hem-de zerur formatyna öwrülýändigine ünsi çekdi. “Häzirki wagtda biziň öňümizde sebitiň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek wezipesi durýar” diýip, özbek Lideri nygtady hem-de utgaşykly, ylalaşykly çemeleşmeleriň sebit ösüşiniň, abadançylygynyň umumy maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda Prezident Şawkat Mirziýoýew myhmansöýerlik we şu günki maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy üçin Özbegistanyň Liderine minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkynyň adyndan duşuşyga gatnaşyjylary tüýs ýürekden mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Bu ýokary wekilçilikli forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmegiň teklip edilendigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu başlangyjy goldandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Munuň özi biziň pikirlerimiziň umumydygyny, raýdaşlygymyzy, doganlyk ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini, olaryň ösüşiň uly wezipelerini çözmekde ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda goňşy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini, munuň bolsa köptaraply gatnaşyklaryň täze usullaryny gözlemegiň we döretmegiň zerurdygyny şertlendirýändigi nygtaldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary şolaryň biridir. Häzirki wagtda şu duşuşyklar sebitiň her bir ýurdunda yzygiderli geçirilýär. Tejribeler konsultatiw duşuşyklary geçirmek başlangyjynyň örän zerurdygyny, derwaýys wezipeleri çözmekde hyzmatdaşlygyň ruhuna laýyk gelýändigini görkezdi. “Bu gün onuň diňe bir syýasy dialogyň sebitleýin formaty bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara ähmiýetli çäredigini ynamly aýtmak bolar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Şeýle duşuşyklar Merkezi Aziýada döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup, şol bir wagtyň özünde goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitara hyzmatdaşlygyň nusgalaryny kemala getirmäge oňyn täsir edýär, köp babatda yklym derejesinde özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin şertleri üpjün edýär. Konsultatiw duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň esasynda netijeli umumy syýasy dialog ýola goýuldy. Sebit we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin ulgamlaýyn işler alnyp barylýar, halkara düzümlerde tagallalary utgaşdyrmak kämilleşdirilýär, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça maslahat beriş, pikir alyşmak tejribesi ornaşdyrylýar.

“Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýokary derejä çykaryldy. Şunuň netijesinde biz öz öňümizde uzak möhletleýin döwür üçin bilelikdäki wajyp we anyk wezipeleri goýup, iri taslamalaryň başyny başlap, özara gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny kesgitläp bilýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de munuň diňe bir alty döwletiň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit proseslerine-de örän netijeli täsir etjekdigine, Merkezi Aziýanyň, goňşy döwletleriň we Azerbaýjanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna çalt ýakynlaşmagyna, uly maýa goýumlary, täze tehnologiýalary, bilimleri çekmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. “Biziň gatnaşyklarymyzy döwrebap ýörelgelerde guramak bilen, umumy ösüş binýadyna daýanýandygymyzy, köpasyrlyk oňyn tejribäni ulanyp, taryhy dowamatlylygy, döwletlerimiziň häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlardaky ornunyň dikeldilmegini üpjün edýändigimizi aýratyn nygtamak gerek” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

“Ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli we maksada okgunly pugtalandyrmak şu formatyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu babatda geljegiň örän uludygyny, kuwwatlyklaryň birleşdirilmeginiň, umumy serişdeler, geografik, önümçilik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagynyň diňe bir milli ykdysadyýetleriň ösmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, Ýewraziýada tutuş geoykdysady arhitektura düýbünden täze many-mazmun we häsiýet bermäge ýardam etjekdigini aýtsak, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Häzirki wagtda ykdysadyýet hem-de onuň strategik pudaklary — energetika we ulag biziň işimiziň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Energetika ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Döwletlerimiziň çäkleri arkaly energiýa serişdeleriniň uly möçberi iberilýär. Ýurtlarymyzyň her biri olaryň möçberini artdyrmak, täze bazarlara çykmak babatda tagalla edýär. Merkezi Aziýa döwletleri we Azerbaýjan ägirt uly serişdeler binýadyna eýedir, energiýanyň dürli görnüşlerini çykarmak hem-de işläp taýýarlamak boýunça yklymda öňdäki orunlary eýeleýärler, geografik taýdan amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, eksporta ibermegiň infrastrukturasyny ösdürýärler. Biz energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, olaryň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny üpjün etmäge esaslanýan umumy garaýyşlardan, ýörelgelerden ugur alýarys. Bu babatda bilelikdäki giň gerimli taslamalary amala aşyrmak, döwrebap üstaşyr infrastrukturany gurmak üçin öz artykmaçlyklarymyzy we mümkinçiliklerimizi birleşdirmek möhüm bolup durýar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurtlarymyz yklymda tebigy giňişligi emele getirýär. Munuň özi ygtybarly we durnukly ulag geçelgeleri arkaly Aziýany hem-de Ýewropany birleşdirmäge ýardam etmelidir. Biz Merkezi Aziýany, Hazar deňzi zolagyny Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça kuwwatly kontinental üstaşyr-logistika merkezine öwürmek, şeýlelikde, döwrebap ýörelgeler esasynda Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegini üpjün etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça şu maslahaty hem-de kabul edilmegi göz öňünde tutulýan çözgütler, biziň şu günki duşuşygymyz geljekki bilelikdäki hereketlerimizi meýilleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolar. Bellenilişi ýaly, munuň özi ekologiýa, howa bilen bagly meselelere hem gönüden-göni degişlidir. Türkmenistan häzirki ekologik wehimlere garşy durmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň tagallalarynyň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi, çölleşme, Aral meselesi, buzluklaryň eremegi ýaly wehimlere garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli ulanmak, tebigy landşafty aýawly saklamak, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak örän derwaýys wezipeleriň hatarynda durýar.

“Pes uglerodly önümçilikleri ösdürmek, atmosfera zyňyndylary azaltmak boýunça çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilen ädimleriň utgaşdyrylmagy hem örän wajypdyr” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bu wezipeleri çözmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle-de Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň hem-de özara goldawynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda ählumumy Gün tertibinde kesgitlenen maksatlara ýetmekde saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. “Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy wajypdyr. Häzirki wagtda, dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu wezipe aýratyn derwaýyslyga eýe bolýar, olar boýunça ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär. Biziň bilelikde diňe bir öz ösüşimiziň bähbidine däl, eýsem, tutuş dünýäniň bähbitleri üçin hem bu wezipäni mynasyp, netijeli çözüp bilmäge ukyplydygymyza ynanýaryn” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýratyn nygtady.

“Bu ynam umumy köpasyrlyk tejribä, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň berkligine, mizemezligine esaslanýar. Sözüň doly manysynda, biziň halklarymyz bitewüdir. Biz bir bitewi siwilizasion giňişligi emele getirýäris, şol bir gymmatlyklara eýerýäris, beýik ata-babalarymyzyň taryhy mirasyna daýanýarys. Olar bize doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, jebisligiň ynsanperwer ýörelgelerini miras galdyrdylar. Olara eýermek bolsa döwletlerimiz üçin hemmetaraplaýyn ösüşiň we öňegidişligiň giň gözýetimlerini açýar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüniň üstüni ýetirdi. Häzirki wagtda bu mirasy aýawly saklamak we artdyrmak, halklarymyzyň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy pugtalandyrmak örän möhümdir. Şunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, döredijilik-ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň, ýaşlaryň duşuşyklary aýratyn orun eýelemelidir. Olar giň we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr. Şeýle gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy geljege goşantdyr, dowamatlylygyň hem-de häzirki wagtda bilelikdäki tagallalarymyz, şol sanda şu duşuşygyň barşynda edýän tagallalarymyz bilen has-da pugtalanýan däp-dessurlarymyzyň dowamydyr.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine buýsanmaga haklydyrys. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk, ynanyşmak şol gatnaşyklaryň esasy häsiýetleridir. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygy sebit howpsuzlygynyň strategik şerti, durnukly ösüşiň, Ýewraziýada hem-de tutuş dünýäde bähbitleriň deňagramlylygynyň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin özara gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatynyň, giň ugurlaryň bardygyna ynam bildirdi.

“Şu ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu duşuşygyň ýokary many-mazmun we guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine, wajyp çözgütlere beslenjekdigine şübhelenmeýärin. Şu günki mejlisimiz bolsa, gürrüňsiz, şol konsultatiw duşuşyga taýýarlyk görmekde möhüm tapgyr bolup durýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de döwlet Baştutanlary tarapyndan kabul ediljek çözgütleriň hyzmatdaşlygyň ygtybarly syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrjakdygyna, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen ähmiýetli maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu duşuşyga gatnaşýandyklary, netijeli we döredijilikli bilelikdäki işe taýýardyklary üçin hemmelere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşyny tamamlap, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglamak barada karara gelnendigini aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny okady.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglamak dabarasy boldy. Özbegistanyň Baştutany bu ýokary sylaga dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki bähbitlerini, başlangyçlaryny halkara bileleşikde ilerletmekde bitiren uly hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ýygnananlara ýüzlenip, her bir adamyň durmuşynda şanly günleriň bolýandygyny we şu günüň özi üçin hut şeýle şanly wakadygyny aýtdy. Özbek Lideri, ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna ýokary döwlet sylagy — “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol öz kärdeşleriniň, resmi wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň wekilçilikli maslahatynyň Türkmenistanda geçirilýän günlerinde bu ýokary sylagy Gahryman Arkadagymyzyň elinden kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, bu sylagy Özbegistana we onuň köpmilletli halkyna aýratyn hormat-sarpanyň, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça umumy tagallalaryň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

Dostlukly döwletiň Baştutany 2017-nji ýylyň martynda Özbegistanyň Prezidenti hökmünde öz ilkinji saparyny ýurdumyza amala aşyrandygyny, şonda Milli Liderimiziň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň täze strategiýasyny teklip edendigini nygtady. Bu strategiýa bolsa baý taryhy tejribä, dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we özara hormat goýmagyň däplerine, köpugurly özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna esaslanýar. “Häzirki wagtda Özbegistanyň we Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary hil taýdan ýokary derejä çykaryldy. Geçen ýyllaryň dowamynda möhüm ykdysady, ynsanperwer taslamalar durmuşa geçirildi, özara söwdanyň möçberi artdy” diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi. Ol ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň has-da berkidilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de beýleki ähli kärdeşleriniň Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki goşandyny aýratyn nygtady. “Häzirki wagtda tutuş dünýä bileleşigi sebit hyzmatdaşlygynyň täze nusgasyny döretmekdäki umumy üstünligi ykrar edýär. Munuň özi biziň doganlyk ýurtlarymyzyň ählisiniň ägirt uly üstünligidir” diýip, Özbegistanyň Lideri aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Arkadagymyzyň türkmenleriň döredýän, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürýän, olary jebisleşdirýän hem-de parahatçylygy gorap saklaýan halkdygyny ençeme gezek belländigine ünsi çekdi. “BMG-niň şu günlerde geçirilýän maslahaty hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde dekabrda Aşgabatda geçiriljek sammit hem hut şeýle asylly maksatlara hyzmat eder. Biz Türkmenistanyň üstünliklerine guwanýarys” diýip, Özbegistanyň Prezidenti aýtdy we türkmen halkyny uly baýramçylyklar bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlara ýüzlenip, olara şu günki çärä gatnaşandygy hem-de duşuşygyň netijeliligini üpjün eden işjeň çemeleşme üçin minnetdarlyk bildirip, pikir alyşmalaryň geljekde has netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňat esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi hem-de hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilýän ýerine ugradylar.

116
116 22.10.2026
Ganat ýaýyp uçýar bedew

Mähriban Diýarymyzyň atçylyk sport toplumlarynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň güýzki at çapyşyk möwsüminiň ýaryşlary dowam edýär. Ýüwrükden ýüwrük behişdi bedewleriň arasynda dürli aralyklara guralan ýaryşlar şatlykly pursatlara beslenýär. Welaýat atçylyk sport toplumy geçen ýekşenbede köp adamly boldy. Bedew janköýerleri geçirilýän at çapyşyklaryna höwes bilen tomaşa etdiler. Birinji çapyşykda bir müň metr aralyga çapan ikiýaşar atlaryň arasyndan Tarlaň atly dor at öňe saýlandy. Mary döwlet athanasyna degişli, K.Garýagdyýewiň seýislän, B.Sähedowyň çapan bu aty pellehana 1 minut 8,38 sekuntda gelip, özüniň ýyndamlygyny görkezdi. Bir müň metr aralykda güýç synanyşan ikiýaşar bedewleriň ikinji çapyşygy hem gyzykly boldy. Bu gezek 1 minut 11, 60 sekunt wagt bilen Mary welaýat athanasyna degişli Garadaş atly gara dor at ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi K.Garýagdyýew, çapyksuwary G.Handurdyýewdir. Üçýaşar atlar bir müň dört ýüz metr aralykda ýaryşyp, Ý.Ilamanowyň hojalygyna degişli Keýmir atly gurt mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 39,82 sekuntda geçip, üçünji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Dördünji çapyşyk hem üçýaşar atlaryň arasynda bir müň dört ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Şamyradowyň hojalygyna degişli Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 34,13 sekuntda gelmegi başardy we ýeňiji boldy. Bu aty seýislän D.Amandurdyýew, çapyksuwarlyk eden G.Ýazberdiýew. Hemmeleri gyzyklandyran bäşinji çapyşyk dört we uly ýaşar atlaryň arasynda bir müň sekiz ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden Toýçy atly mele aty R.Läliýewiň hojalyk aty bolup, ol bellenilen aralygy 2 minut 3,26 sekuntda geçdi. Bu at öz janköýerlerini begendirip, bäşinji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Tolgundyryjy pursatlara beslenip geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapyldy, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabara bilen gowşuryldy. At çapyşygyna tomaşa eden bedew janköýerleri behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde we dünýä ýüzünde meşhurlygyny gazanmakda edýän uly tagallalary üçin Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

54
54 21.10.2026
Ätiýaçlandyryş ulgamynyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hem ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny goramak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi. Ätiýaçlandyryş diňe bir maliýe ýitgileriniň öwezini dolmak bilen çäklenmän, eýsem, raýatlarda geljege bolan ynamy hem berkidýär. Tebigy hadysalary, dürli betbagtçylyklar ýa-da beýleki garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli ýüze çykýan ýitgileri ätiýaçlandyryş arkaly belli bir derejede öwezini dolup bilýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň elektron görnüşde ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döreýär. Internet arkaly maglumat almak, ätiýaçlandyryş hyzmatlary bilen tanyşmak, degişli hyzmatlardan onlaýn arkaly peýdalanmak we resminamalary elektron görnüşde taýýarlamak raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga hem-de hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga şert döretdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hilini, tizligini we elýeterliligini has-da ýokarlandyrmak üçin hem täze mümkinçilikler döredilýär. Geljekde hem ätiýaçlandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ykdysady howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün edýän möhüm ulgamlaryň biri bolup ýardam eder. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy ugrunda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris! Jumagözel REJEPDURDYÝEWA.

115
115 21.10.2026
Tutanýerli zähmete höweslendirýäris

Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna itergi berip, belent sepgitlere eýe bolunýar. Bu ösüş depgini öňdebaryjy pudak bolan gaz senagatynda-da aýdyň duýulýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzda-da tebigy gazyň akymyny artdyrmakda guwançly görkezijiler gazanylýar. Şeýle bähbitli işlerde awtokärhanamyzyň gazçylarynyň gazanýan zähmet üstünliklerini ýatlamak ýakymlydyr. Sürüjilerimiz Garagum çölüniň dürli ýerlerinde zähmet çekýän gazçylara tehnologik enjamlary, dürli maksatly ýükleri öz wagtynda ýetirmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly awtoulaglarynyň, dürli kysymly beýleki tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy öňümizde durýan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem sürüjilerimiz gaz çykaryjylary iş ýerlerine gatnatmakda ýadawsyz alada edýärler. Awtokärhanamyzda sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugynyň hünärmenleri bilen düşündiriş çärelerini geçirýäris. Bu bolsa ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üns merkezinde saklap, möhüm işleri geçirýäris. Gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak bilen bagly aladalarymyzam ýerine düşüp, gowy görkezijileriň gazanylmagyna ýardam edýär. Wepa AKGAJYKOW.

116
116 21.10.2026
Halal zähmet — hözirli geljek

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Mähri TOÝLYÝEWA.

107
107 21.10.2026
Mähirli aladanyň miwesi

Güneşli Diýarymyzda maşgaladan gözbaşly nesil terbiýesi çagalar baglarynda, soňra bolsa orta mekdeplerde dowam etdirilýär. Şu meselede ylym-bilimiň, edep-terbiýäniň düýbi çagalar baglarynda tutulýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu möhüm wezipä iňňän uly ähmiýet berýär. Çagalar baglarynda oglanjyklardyr gyzjagazlar uly alada bilen gurşalyp, olaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerinde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Körpe nesil hakda edilýän ýadawsyz alada biziň çagalar bagymyzda-da guramaçylykly ýola goýulýar. Biz körpeleriň wagtlaryny hoş geçirmekleri ugrunda irginsiz alada edýäris. Terbiýeçiniň işinde sabyrlylyk, geçirimlilik, ýadamazlyk ýaly häsiýetler derwaýysdyr. Türkmen halk ertekileri çagalarda uly gyzyklanma döredip, olardaky gahrymanlaryň hüý-häsiýetleriniň üsti bilen körpelerde ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek bähbitlidir. Şol ertekileriň esasynda çagalaryň gatnaşmaklarynda guralýan gysgajyk sahnalaram körpelerde uly täsir galdyrýar. Çagalara okap, ýazyp, sanlary goşup-aýyrmagyň öwredilmegem olaryň ylym-bilime tarap ädimleriniň şowly bolmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Onsoňam, oglanjyklardyr gyzjagazlara goşgulary ýat tutup, aýdym aýtmagyň, tans etmegiň öwredilmegem çaga terbiýesinde wajyp wezipedir. Şeýle hem körpelerimiz dürli ugurlar boýunça çagalar bagymyzda guralýan bäsleşiklerde uly höwes bilen çykyş edýärler. Şäher boýunça geçirilýän bäsleşiklere-de işjeň gatnaşýarlar. Galyberse-de, terbiýeçilik häsiýetli dürli oýunlaram körpelerimiziň wagtlaryny gyzykly geçirmeklerine mümkinçilik berýär. Ajap eýýamymyzyň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli mynasyp neslini kemala getirmekdäki yhlas-tagallalarymyzyň ýerine düşýändigi bizi täze sepgitlere ruhlandyrýar. Mamajan AKYÝEWA.

104
104 21.10.2026
Kämil usullaryň mümkinçiligi

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp neslini kemala getirmek bilen bagly meselä hemişe uly üns berip, möhüm wezipeleri öňde goýýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleri gowulandyrylýar. Bularyň hemmesi bilim işgärlerine bildirilýän talaby öňe çykarýar. Mekdebimiziň mugallymlary şu talapdan ugur alyp, ýaş nesle durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde uly işleri bitirýärler. Şeýle yhlas-tagallalarymyzyň maksadam ajap eýýamymyzyň watansöýüji, edep-terbiýeli, zähmetsöýer ýaşlaryny kemala getirmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim edaralarynda okuwçylara bilim-terbiýe bermek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär we kämil usullar ornaşdyrylýar Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi möhüm ädim boldy. Mundan başga-da, multimediýa tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanylmagy ýaş nesle bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem öňdebaryjy iş tejribeleriniň giňden ýaýradylmagy, ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde netijeli ulanylmagy möhüm meseläniň oňyn çözgüdinde iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Mekdebimiziň mugallymlary öz işlerinde ýokarda ýatlanlarymyzdan ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarlar. Bu bolsa has-da abadan ertirimiziň ylym-bilimli, edep-terbiýeli adamlaryny ösdürip ýetişdirmekde zerur şertleri döredýär. Oguldurdy ORAZOWA.

55
55 20.10.2026
Danalara gulak goýsaň...

Bir şem başga bir şemi tutaşdyrany bilen öz ýagtylygyndan hiç zat ýitirmez. Möwlana Jelaleddin RUMY. *** Kitapsyz öý jansyz göwrä çalymdaşdyr. SISERON. *** Täze güne täze pikir bilen giriş! DEMOKRIT. *** Bilim adamy körzehinlikden, ýagşylyk edip ezýet çekmekden, anyk netije berip bilmek bolsa şowsuzlykdan halas edýär. KONFUSIÝ. *** Kimde-kim bilim alyp, şony hem durmuşda peýdalanyp bilmese, ol adam ýer sürüp, tohum sepmeýän daýhana çalymdaşdyr. *** Gury sandyr, adam bolsa bilimsiz, Ganaty gyryk guş uçmaz, biliň, siz! SENAÝY. Toplan Döwletmyrat AKMYRADOW.

59
59 20.10.2026
Gyzlaryň (Aýdym)

Gyzlar hakda söz açsaň, böker durar ýürekler, Gyzlar hakda söz açsaň, egiler dik derekler, Gyzlar hakda söz açsaň, janlanar janserekler, Çünki başda ajaýyp döreýşi bar gyzlaryň. Endamyň dyglap gider, gara saçlar çözlense, Ýüregiň jigläp gider, saç serpilip gözlense, Gara saçdan tuty tutup, gara gözler gizlense, Seni örtäp saçlaryn daraýşy bar gyzlaryň. Diş degmedik al ýaňak — alma ýaly ýaňakly, Nar dänesi deý lebi, çukurjykly eňekli, Göründiň garbap iljek ujy täsin çeňňekli, Söýgi sapagyn çözläp, saraýşy bar gyzlaryň. Ýöreýşimi görmäge çykylmasyn diýýämi, Ýelginimden ýigitler ýykylmasyn diýýämi, Ýa nazarlap ýörenim bukulmasyn diýýämi, Seýkin basyp ýuwaşja ýöreýşi bar gyzlaryň. Beýle-de bir beýik zat dörär eken dörese, Ýerem ýaýdanýan ýaly, sallanyp gyz ýörese, Sergezdan ýigitlerden göwnüne kim ýarasa, Göz astyndan ogrynça garaýşy bar gyzlaryň. Sapar ÖRÄÝEW.

53
53 20.10.2026
Jümleler näme diýýär?

Gazanany bezenenine ýetmezlik — ýerliksiz harçlamak, ýet-de-güt-de ýaşamak, kör güzeran bolmak. Gazap atyna atlanmak (münmek) — gazaba münmek. Gazap ody — joşan, möwç uran gahar-gazap. Gazygynda garrasyn — başdaşyndan aýrylmasyn, baran ýigidi bilen ömürlik ýaşasyn, nika pozulmasyn (täze edinilen gelin hakda). Gazykdan ýöretme — bilimsiz, zehinsiz, nadan, ukypsyz, kütek. Gazyk (agaç) ýuwdan ýaly bolup durmak — gazyk ýaly bolup (somalyp) durmak. Gaýnap joşmak (daşmak) — ylhamyň göterilmek, hyjuwyň artmak, soňky hetde gelmek. Gamza kakmak — gaş kakmak, gözüňi-gaşyňy oýnatmak, näz-kereşme etmek, näz bilen yşarat etmek. Gamzaň oky — näz-kereşmeli garaýyş. Gam laýy — çykgynsyz alada, tükenmez gussa. Gamyny iýmek — ugruna çykmak, çäresini görmek, aladalanmak, aladasyny etmek. Gamyş ganat — ganat-peri bekemedik, ýaňy uçurym bolan (guşlar hakda). Ganatyny gyrmak — kuwwatdan gaçyrmak, gurbatdan düşürmek, hereketsiz galdyrmak. Ganyň gatamak — suwsamak, tebsiremek. Gaňňaňy garnyňa almak — kesirlik etmek, tersleşmäge meýil etmek, keçlige tutmak, yrsaramak. Gapy-gapy syrmak — gezende bolmak, ykmanda bolmak. Gapyl basmak — duýdansyz barmak, güpbasdy etmek. “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.

116
116 21.10.2026
Halal zähmet — hözirli geljek

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Mähri TOÝLYÝEWA.

216
216 18.10.2026
Halk Maslahatynyň çözgütleri — ösüşiň ygtybarly kepili

       Baýramaly şypahanasynda Baýramaly şäher häkimliginiň hem-de Demokratik partiýanyň Baýramaly şäher we Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşlere we şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlandy. Ýaşuly nesliniň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatda  edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylýanlygy we şol möhüm işleriň halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilendigi dogrusynda buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  diýarymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, milli mirasymyzyň ösdürilişi, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

214
214 17.10.2026
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler rowaç alýar. Golaýda etrabymyzdaky 10-njy orta mekdepde etrap boýunça ýokardaky at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, etrap bilim bölümi we Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi bilelikde guradylar. Çärä atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary, kitaphanaçylar hem-de okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Allanur Sapargeldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew, 10-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Kakabaý Çopanow çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde badalga berýän giň möçberli işleri, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty, dünýä ýüzünde gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, gyzykly gürrüň berdiler. Duşuşykdaky çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Muhammetberdi KUŞIÝEW.

224
224 17.10.2026
Halkyň galkynan ykbaly

Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri, kesgitlenen wezipeleri halkyň arasynda wagyz-nesihat etmek bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň TDEI-niň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Halk Maslahaty halkyň galkynan ykbaly, döwletiň sarsmaz sütünidir” atly çärä ýokarda atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary gatnaşdylar. Çärede TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni, welaýat halk maslahatynyň agzasy Ogulşirin Seýidowa, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň başlygy Gurbanmyrat Şanazarow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman laboranty Maýagözel Akmämmedowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmeni Gülşat Çetliýewa çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda eýeleýän möhüm orny dogrusynda durup geçdiler. Maksat BÄŞIMOW.

216
216 16.10.2026
Demokratiýanyň dabaralanmagy

Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini, onda kabul edilen kararlaryň uly ähmiýete eýedigini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Mary etrap medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk maslahaty: demokratiýanyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdylar. Etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler, umummilli forumdan gelip çykýan wezipeler we kabul edilen kararlar hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ogulnur BERDIÝEWA.

203
203 15.10.2026
Ýokary ruhubelentlik döretdi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýunyň öň ýanynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu ählumumy forumda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütlerdir Kararlar kabul edilip, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen bu mejlis halkymyzda ýokary ruhubelentlik döretdi. Mejlisde Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle işlere goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, il-ýurdumyzyň parahat, asuda, bagtyýar, bolelin durmuşy hakynda edilýän aladalar barada giňişleýin durup geçdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ählitaraplaýyn ösdürmek, halkara gatnaşyklaryny has-da berkitmek hakyndaky parasatly pikirleri öňe sürdi. Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi, geljekki ösüşlerimize badalga berdi. Peder ýoluna eýerýän hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde okamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga ähli şertler bar. Il-ýurduň has-da ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp zähmet çekýän agzybir halkymyz Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýar. Atajan HOJALYÝEW.

210
210 15.10.2026
Abadan geljegimiziň wezipeleri

Üstümizdäki taryhy ýylyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentlik döredýär. Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy. Halk häkimiýetliligiň gadymdan gelýän milli däplerinden we häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp geçirilen bu forum jemgyýetimiziň dürli nesilleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Bu ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi. Çykyşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçdi. Şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abadan geljegine kuwwatly itergi berer. Jemgyýetimiziň giň wekilçiliginiň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça çözgütler kabul edilip, wajyp wezipeler öňde goýuldy. Gülşat REJEPOWA.

217
217 15.10.2026
Bagtyýar eýýamyň okgunly gadamlary

,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň halk maslahatnyň mejlisinden gelip çykýan wezipelere we ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerine bagyşlanyp  Mary welaýat häkimliginiň, Demokratik partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher we Mary etrap komitetleriniň bilelikde  gurnamagynda  “Bagtyýar zamananyň batly gadamlary” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Mary myhmanhanasynda ýokary guramaçylykly geçirlen bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, partiýanyň işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Bu ýerde  çykyş edenler Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlardyr çözgütler we şol çözgütleriň hem il-ýurt bähbidine gönükdirilendigi barada buýsanç bilen bellediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler dogrusyndaky gürrüňler hem wagyz-nesihat duşuşygynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. Merjen Çaryýarowa.

215
215 14.10.2026
Rowaçlyklara beslenen dabaraly ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň yzygiderli ösüşlerine ser salanyňda, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işlerine buýsanjyň artýar, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýandygyna guwanjyň goşalanýar. Munuň şeýledigine biz her ädimde göz ýetirýäris. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp şygar dillerde sena bolup ýaňlanýar. Bu taryhy ýylyň 27-nji sentýabrynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy uludan tutuldy. Nesip bolsa 12-nji dekabrda hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygynyň toýy dabaraly bellenilip geçiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda, Bitaraplygyň saýasynda gazanylýan üstünlikler eziz Diýarymyzyň günsaýyn gülläp ösýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle ajaýyp ösüşler bolsa kalbyňy buýsanja besleýär. Çünki, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň il-günümize beren bagty egsilmezdir. Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda barha gözelleşýän ata Watanymyzyň şan-şöhraty älemi tutsun! Zähmetsöýer halkymyza hemişe bagtyýarlyk we rowaçlyk ýar bolsun! Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaç alsyn! Gülnahal MUHAMMETAMANOWA.

2336
2336 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2181
2181 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2416
2416 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2349
2349 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2251
2251 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2742
2742 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2148
2148 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2526
2526 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.