Golaýda etrabymyzdaky 5-nji çagalar bagynda “Dil bilen dünýäni gezer” atly bäsleşik geçirildi. Onuň maksady ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrmakdan, çagalaryň dürli dilleri öwrenmekde ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Dürli dillerde labyzly goşgy aýtmakda körpeleriň arasynda geçirilen bu bäsleşigi TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Oňa etrap geňeşimiziň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, çagalar baglarynyň müdirleri, terbiýeçiler we körpeler gatnaşdylar.
Bäsleşigiň başynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Gülşat Töräýewa, 5-nji çagalar bagynyň müdiri Läle Muhammetberdiýewa çykyş edip, çagalaryň körpelikden dürli dilleri öwrenmäge isleg-höwesini artdyrmagyň bähbitli taraplary barada durup geçdiler. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada gürrüň edip, bäsleşige gatnaşýan körpelere üstünlik arzuw etdiler. Soňra körpeler türkmen, rus we iňlis dillerinde goşgulary labyzly okamakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň dürli dillerde goşgulary ökdelik bilen ýatdan labyzly aýdyşlaryny synlanyňda geljekki nesliň dil bilip, dünýäni gezjekdigine ynamyň artýar. Bäsleşikde has tapawutlananlar höweslendirildi.
Sähra UMMALYÝEWA.