Ir zamanda tozanly tupanda bir hammal agyr kerwenden, azaşyp galýar. Çölde gandymdan kömür alyp ýören äheňgirem ony tapyp, oba getirýär. Hammalyň tebipçilikden başy çykýandygyny bilen oba ýaşululary syrgynyň bir gyrasyndan oňa çatma dikip berýärler. Kerwen yzyna geçer uçurlary bolsa: “Sen satyn alnan gul däl, taňry myhmany. Şoň üçin isleseň obaňa gidip bilersiň” diýýärler. Hammal: “Obamda-da gujak açyp garaşýan ýok. Bir doganym bardy, olam bergi üzmek üçin talap gözläp, çykyp gidipdi. Meni kowmaň, peýdam degmese, zyýanym degmez” diýýär. Gumlularam: “Zyýansyz garanyň köpi ýagşy” diýip, oňa rugsat berýärler. Maly sypatyndan, adamy lakamyndan tanaýan obalylar oňa: “Tapdyk tebip” diýip, at goýup, ony küme ýaly batyl gyza-da öýerýärler. Kör gelnine edýän hyzmatynyň sogaby, haýyr tapýan hassalaryň alkyşy bilen tebip döwlet tapyp, öýli-işikli, mally-garaly bolýar.
Köneleriň: “Ajal, nesibe, nika, didar gaýypdan” diýäýmesi bar. Ine, şol obaly täjir daşary ýurda söwda baranda, bazar sübsekeşini görüp, eýlesine-beýlesine geçip, ony köp synlaýar. Ahyry goş götertmek bahanasy bilen sübsekeşi kerwensaraýa getirýär. Onsoň sübsekeşe öz obalarynda bir kişiniň oňa juda meňzeşdigini, hatda oňam boýnunda sübsekeşiňkä meňzeş şekiliň bardygyny aýdýar. Sübsekeş pikirlenip, garrylygy tutaryk edinip, täjir bilen gitmekden boýun towlaýar.
Güýze golaý ýene kerwene goş basan täjir: “Bu saparda tebibem gerek” diýip, Tapdygam kerwene alýar. Baransoňlaram syr bildirmän: “Bu ýurduňam derman ot-çöplerinden al” diýip, tebibi bazara äkidýär. Tapdyk bazarda burnuna salyp hiňlenip ýören sübsekeşi görüp, bir tisginýär. Elbetde, gan-damar çekýändir-dä. Birdenem, sübsekeşiň çagalykda tutulýan adyny tutup, gygyrýar. Aňka-taňka bolup aljyran sübsekeş sübsesini eliniň tersi bilen zyňyp, tebibe gujak açýar...
Doganlar üç günläp kerwensaraýdan çykman çagalyklaryny ýatlaşýarlar. Täjiriň rugsady bilen sübsekeşem goltuklaýmaly goşuny alyp, inisiniň yzyna düşýär. Adama milleti boýunça däl-de, häsiýeti boýunça baha berýän türkmenler: “Belki, bu ýaşulam hoşniýetli bolup, gowy goňşuçylykda ýaşar, “Dostuň müň bolsa-da az, duşmanyň bir bolsa-da köp” diýip, ony hatara goşýarlar. “Çäge ýagmyrdan doýmaz, adam — didardan”. Doganlar galan ömürlerini didarlaşyp geziberýärler. Soňlugy bilen obasyna gidip, bergisini berip gelse-de Tapdyk aga: “Döwlet tapan ýerim,” diýip, ak alaňly, guba çägeli gum obasyny saýlap, örňäp, ornap ýaşaberýär.
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.








