Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz demokratik ýol-ýörelgeler bilen bedew batly öňe barýar. Düýn guramaçylykly geçirilen saýlawlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasy ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Has takygy, geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.
Bu jemgyýetçilik-syýasy waka welaýatymyzda-da ykjam taýýarlykly gelnip, guramaçylykly geçirildi. Döwlet senasynyň buýsançly ýaňlanmagy bilen açylan saýlaw uçastoklary ir ertirden köp adamly boldy. Hormatly ýaşulular bilen birlikde, ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylar hem özleriniň mynasyp hasaplan dalaşgärlerine seslerini berdiler. Bu saýlawlara saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklary jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Bu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolandygy guwandyrýar. Bu waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň rowaç almagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Baýram AMANOW.








