«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

282 22.01.2025

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barlan işleriň jemlerini jemledi hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny, 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenilendigine aýratyn üns çekildi. Bu şanly senä bagyşlanyp, köp sanly halkara derejeli çäreler guraldy. Şunda Aşgabatda “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň geçirilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli çärelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat Konsepsiýasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik wekilhanalarynyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Okyjylaryň dykgatyna “Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary jemgyýetiň syýasy ulgamynda” atly makala hem hödürlenilýär. Makala Kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy maksatlaryna we wezipelerine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik, durmuş-ykdysady özgertmelerde olaryň eýeleýän ornuna bagyşlanypdyr. Makalada bu iri jemgyýetçilik birleşiginiň ýerine ýetirýän işleriniň kanunçylyk binýady we düzümi barada maglumatlar getirilýär. Nygtalyşy ýaly, 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň jar edilmegi, Watanymyzyň syýasy we jemgyýetçilik gurluşynyň üýtgemegi bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň syýasy-durmuş wezipesi hem üýtgedi. Munuň şeýle bolmagyna ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) doly hukukly agzasy bolmagy hem-de onuň esas goýujy konwensiýalaryny tassyklamagy hem ýardam etdi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi döwletiň durmuş ugurly möhüm esaslarynyň has-da berkidilmegi ugrunda çykyş edýär, döwlet dolandyryş edaralary, iş berijileriň birleşikleri bilen yzygiderli gatnaşyk saklaýar, işgärleriň durmuş we zähmet hukuklaryna, bähbitlerine wekilçilik etmek, olary goramak meseleleri boýunça Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzümleýin bölümleriniň tagallalaryny utgaşdyrýar hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ýerlerdäki kärdeşler guramalary her ýyl zähmetkeşleriň, olaryň maşgalalarynyň saglygyny dikeltmegi, dynç almagy üçin toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Ýaşlar syýasaty alnyp barylýan işiň möhüm bölegini emele getirýär.

“Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň kanunçylyk esaslary” atly makalada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtalýar. Olarda sanlylaşdyrma, sanly çözgütleriň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna wajyp ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, makalada döwlet Baştutanymyzyň: “Innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar” diýen sözleri getirilýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän maglumatlar esasy serişdeleriň biri bolup durýar. Şeýle-de Türkmenistanda maglumata bolan hukugyň adamyň iň möhüm konstitusion hukuklarynyň biridigi bellenilýär. Ýurdumyzda bu ulgamdaky gatnaşyklar Esasy Kanunymyz, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary, kabul edilen konsepsiýalardyr maksatnamalar arkaly düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, makalada häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolan maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýeti nygtalýar. Türkmenistanda bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, degişli infrastrukturany, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ählumumy maglumat giňişligine işjeň goşulyşmagyna, milli ykdysadyýetimiziň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, umuman, Watanymyzyň gülläp ösmegine ýardam berýär.

Maglumat tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşindäki ornuna bagyşlanan makalada häzirki döwürde ýurdumyzyň batly gadamlar bilen öňe gitmeginde sanly özgertmeleriň möhüm ähmiýetine üns çekilýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz orta möhletleýin geljekde ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, howpsuz pudaklaýyn infrastrukturanyň döredilmegini milli strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Awtor durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň aýdyň mysaly hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherini görkezýär. Onuň gurluşygynda ekologik jähetlere, dünýäde we jemgyýetde ähmiýeti barha artýan “ýaşyl” tehnologiýalara aýratyn uly orun berlendigini bellemek gerek. Şeýle-de makalada sanly aragatnaşygyň, emeli aňyň, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmagyň gündelik durmuşymyza batly depginler bilen ornaşdyrylýandygy beýan edilýär. Ýurdumyzda sanly ulgamyň hukuk esaslaryny döretmäge aýratyn üns berilýär, bu ugurda hereket edýän kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, intellektual eýeçilik, sanly we intellektual hukuk, sanly howpsuzlyk ýaly düşünjelere üns çekilýär.

“Ekologiýa abadançylygy çygrynda Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlary” atly makalada tebigata aýawly garamak, onuň baýlyklaryny gorap saklamak we tygşytly peýdalanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak işleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry, ýurdumyzyň kanunçylygynyň, kabul edilen milli hem pudaklaýyn maksatnamalaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işler bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Türkmenistan BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

“Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk terbiýesiniň ýörelgeleri” atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Makalada bellenilişi ýaly, beýik şahyryň halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini özünde jemleýän edebi mirasy mugallymlar we beýleki bilim işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak maglumat çeşmesi bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň adamlaryň asylly häsiýetlerinden söz açýan şygyrlary ýaş nesli watançylyk, ýokary ahlak gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, makalada beýik söz ussadynyň döredijiliginiň, parasatly öwüt-nesihatlarynyň hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýändigi nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde häzirki wagtda Magtymgulynyň edebi mirasy halkara derejede giňden wagyz edilýär.

Neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramagynda “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň yglan eden “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary”, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri” atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşikleriň jemlerine bagyşlanan makala ýerleşdirilipdir. Bäsleşikleriň netijeleri 2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy we Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk maslahatynda jemlenildi. Şeýle-de bu bölümde 2025-nji ýylda “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň yglan edilýändigi baradaky maglumat köpçülige ýetirilýär.

Žurnalyň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda 2024-nji ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen wakalara, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere syn berilýär.

17
17 25.07.2025
Işewür telekeçiler saldamly goşantlaryny goşýarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde azyk önümleriniň bolçulygynyň ygtybarly üpjün edilmegine ýurdumyzyň kiçi hem-de orta telekeçilik ulgamynyň işewür telekeçileri saldamly goşantlaryny goşýarlar.Mary welaýatynyň etraplarynda hem-de şäherlerinde hereket edýän telekeçilik kärhanalarynyň hem ençesi azyk önümçiligini özüniň esasy iş ugry edinip,içerki bazarda ornuny tapmak üçin dürli görnüşli, bäsleşige ukyply,ýokary hilli azyk önümlerini öndürýärler.Welaýatyň Wekilbazar etrabynyň  Goňur geňeşliginiň çäginde  ýerleşýän “Derwüş” et we şöhlat önümlerini öndürýän hususy kärhana hem şolaryň biridir. Kärhananyň önümçiligine Germaniýanyň önüm öndürijileriniň eti gaýtadan işlemekde ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrlypdyr.Bu ýerdäki önümçilik toplumy eti üweýän,garýan,taýýar garyndyny gaplaýjy, bişiriji döwrebap enjamlardan ybarat. Kärhananyň önümçiligi üçin gerekli çig mal-et önümi ak bazarlardan iki tarapa-da bähbitli esasda satyn alynýar.Elbetde,kärhananyň önümçiliginiň ýola goýulmagy bilen bu ýerde ýaşlaryň ençemesine täze iş orunlarynyň dörändigini aýtmak has-da ýakymly.Häzir kärhanada et hem-de şöhlat önümleriniň edi görnüşi işlenilip çykarylýar.Harytlyk görnüşi hem hili ýokary bolan gaýnadylyp sowadylan, kakadylan nem-de “Päkize”, “Bahry”, “Murgap”, “Şamçyrag” we towuk etinden taýýarlanylýan “Laçyn” atly şöhlat önümlerine alyjylar tarapyndan köp isleg bildirilýär. Häzir kärhananyň önümleri etrabyň,Mary şäheriniň söwda nokatlary arkaly elýeterli nyrhlardan alyjylara ýetirilýär. Enjamlar toplumynyň taslama kuwwatlylygy boýunça her günde bir tonna eti gaýtadan işlemeklige mümkinçiligi  bar.Kärhananyň işgärleri geljekde et we şöhlat önümleriniň önümçiligini ene-de giňeltmekligi meýilleşdirýärler.Kärhananyň özlerine önüm öndürmäge döretýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri,Gahryman Arkadagymyza,Hormatly Prezidentimiz,Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

34
34 25.07.2025
“Ýedi ýyldyz” halkyň hyzmatynda

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzda telekeçilik işi mynasyp oruny eýelemek bilen ynamly öňe barýar. Ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige uly üns berilýär hem-de döwlet tarapyndan gollanýar. Bu bolsa bazarlary halkyň sarp edýän köp görnüşli harytlary bilen üpjün etmäge esas bolup durýar. Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde ýerleşýän “Ýedi ýyldyz” haryt nyşanly tikinçilik kärhanasynyň öndürýän döwrebap egin-eşikleri hem ak bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň emele gelmegine goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen telekeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdymyzda telekeçilik işlerini giňden ýaýbaňlandyrmak we bu ulgamy ösdürmek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan işlerden ruhlanyp tutanýerli zähmet çekýän Mary welaýatnyň Ýolöten şäherinde ýerleşýän “Ýedi ýyldyz” haryt nyşanly tikinçilik kärhanasynda döwrebap egin-eşikleri öndürmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Janamita, Awrora  ýaly birnäçe dünýäniň ösen döwletleriniň belli kompaniýalarynyň hususanda Hytaý halk respublikasynyň ýokary hilli tikinçilik enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhanada enjamlaryň dört we bäş sapakly görnüşleri, etekleri gasyjy, şekil basyjy, nagyşlaýjy hem-de bezeg gaşlaryny ýerine ýetiriji enjamlary sazlaşykly işledilýär. Kärhananyň ussat çeper elli tikinçileri tarapyndan dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar, ýetginjekler hem-de uly ýaşlylara niýetlenen egin-eşikleriň 33 görnüşini biçilip, tikinçilik bölüminde bolsa taýýar edilen önümler “Ýedi ýyldyz” haryt nyşany bilen satyşa taýýar edilip söwda nokatlaryna ugradylýar. Halkymyzyň ösen isleglerini döwrebap egin-eşikleri öndürmek bilen kanagatlandyrýan  bu kärhanada häzirki wagta kärhanada 1 ýaş we mekdebe çenli çagalar üçin  egin-eşikleri hem-de ýetginjek gyzlar we oglanlar üçin niýetlenen sport geýimleri öndürilýär. Öndürijilik kuwwaty ýokary bolan bu kärhanada hepdede matalaryň 5 müň metri işlenip önüm öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kärhanada gelin-gyzlaryň 50-si zähmet çekip, bu zähmetsöýer tikinçiler gelejekde hem önüm öndürmekde aýda 40 müň metr matany işläp ýokary netijeler görkezmekligi özlerine maksat edinýärler. Kärhanalaryň işçileri telekeçilik işlerine uly goldaw berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.  

15
15 25.07.2025
Agyr atletikaçylar bäsleşdiler

Sport sagdyn durmuşyň gözbaşy bolup, ol  ýaşlaryň berk bedenli, ruhubelent bolmaklaryna ýardam edýär. Mekdebimizde tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda türgenleriň onlarçasy ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar. Sport mekdebimizde agyr atletika, ýeňil atletika, woleýbol, futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, grek-rim göreşi, kýokuşinkaý karate, küşt boýunça türgenleşmäge mümkinçilikler bar. Türgenlerimiziň dürli ýaryşlarda gazanýan üstünliklerem bizi guwandyrýar.  Golaýda etrabymyzdaky 1-nji we 2-nji sport mekdepleriniň agyr atletikaçylarynyň arasynda ýaryş geçirildi. Bu bäsleşigiň maksady öňde durýan has jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görmekden ybarat boldy. Bäsleşik agyr atletikaçylaryň oňa kemsiz taýýarlykly gelendiklerine şaýatlyk etdi. Örän çekeleşikli geçen bäsleşik etrabymyzyň agyr atletikaçylarynyň ýeňiji bolmaga mynasypdyklaryny äşgär etdi. Muňa garamazdan, eminleriň gelen kararyna laýyklykda 2-nji sport mekdebiniň agyr atletikaçylary ýeňiş gazandylar. Nagmatmyrat GARAÝEW.

19
19 25.07.2025
Möhüm meseleler maslahatlaşyldy

Golaýda etrabymyzdaky 23-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäräni etrap häkimligi, etrabyň hukuk goraýjy edaralary, TDP-niň etrap komiteti, TAP-nyň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, TKA-nyň etrap birleşmesi bilelikde guradylar. Oňa ýokarda atlary agzalan syýasy  partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we edaralaryň wekilleri, etrabyň bilim bölüminiň hünärmenleri, orta mekdepleriň müdirleri we mugallymlary gatnaşdylar.  Çärede etrap bilim bölüminiň müdiri Guwanç Akmyradow, etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Berdimuhammet Gammarow, etrabyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň müdiri, polisiýanyň maýory Arslan Jepbarow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer halkara başlangyçlary, ýurdumyzda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan beýik özgertmeler dogrusynda durup geçdiler. Zyýanly endiklere, ýaramaz nogsanlyklara garşy barlyşyksyz göreş, jenaýatçylygyň öňüni almak meselelerine hormatly Prezidentimiziň öz halky barada edýän atalyk aladasyna jogap edip, her raýatyň öz wezipesinde halal işläp, halal ýaşamalydygyna ünsi çekdiler. Ogulbagt AMANMYRADOWA.

13
13 25.07.2025
“Armalary” ýetirildi

Islendik ekiniň öz-özünden bolman, oňa yhlasyň, irginsiz aladanyň gerek bolýandygyna oňat düşünýän kärendeçiler ekin meýdanynda otag, hatarara bejergi, iýmitlendiriş işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Olar şu günlerde bolsa, gowaçalaryň ujuny çyrpmak işi bilen meşgul bolýarlar. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem tutanýerli zähmet çekýän kärendeçileriň “armalary” ýetirilýär.  Golaýda TDP-niň Murgap etrap komitetiniň işgärleri etrabyň daýhan birleşiklerinde kärendeçileriň arasynda boldular. Olaryň armasyny ýetirip, öňdebaryjy kärendeçilere ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. Etrabyň “Watan” daýhan birleşiginden kärendeçilerden we olaryň kömekçilerinden Selbi Omarowa, Aýjemal Hekimowa, Zyýada Saparmyradowa, Laçyn Muhammedowa, Gülnur Ataýewa sowgada mynasyp boldular. *** Şeýle sowgat gowşurylyş çäresi Mary etrabynyň gowaçaly meýdanlarynda hem bolup geçdi. Hasyl ussatlaryny işe has-da höweslendirmek maksady bilen TDP-niň etrap komitetiniň işgärleri hem pagtaçy kärendeçilere höweslendiriji sowgatlary gowşurdylar.  Bol hasyl ugrunda aladalanýan pagtaçy kärendeçiler işlemek, çekýän zähmetiň hözirini görmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýtdylar.  Durdynabat BAÝRAMOWA.

24
24 24.07.2025
Kärlerinden rysgal – döwlet tapýan bagbanlar

Hormatly Prezidentimiziň bagçylyk pudagyny ösdürmek baradaky aladalaryna mynasyp işler bilen jogap berýän Mary welaýatynyň ussat bagbanlary bereketli topraga yhlas siňdirip, miweli baglaryň ýokary hasyl berýän görnüşlerini ýetişdirmekde baý iş tejribe toplaýarlar. Ylmyň ygtybarly tejribelerini bagçylyk pudagyna ornaşdyrmak arkaly zähmet çekýän Mary welaýatyň Wekilbazar etrabynyň  ussat bagbanlary   hem şu günler baglaryň datly miwelerini ýygnamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.  Ýurdumyzda babadaýhanlaryň gujur – gaýratly zähmet çekmekleri barada döredilýän amatly şertleriň netijesinde Mary welaýatynda bölnüp berlen ýer böleklerinde miweli baglaryň dürli görnüşlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýan ussat bagbanlaryň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň bagçylyk pudagynda amala aşyrýan özgertmeleri, daýhanlara ähli babatda berýän kömekdir goldawlary miweli baglary ýetişdirýän bagbanlaryň zähmete bolan höwesini has-da artdyrýar. Netijede ýerlerde güneşe baý topragymyzda ýetişýän we datly miweleri eçilýän gür bagly meýdanlar emele gelýär. Idegi birkemsiz ýetirilýän baglaryň şahalarynda düzüm – düzüm bolup gözüňi dokundyrýan dürli görnüşli, baldan datly miweler bagbanlaryň çekýän zähmetlerini ýerine düşýändiginden habar berýär. Ata – babalarymyzyň daýhançylyk tejribelerini, ylmyň gazanan täzeçe usullaryny bagçylyk pudagyna ornaşdyrýan Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkbükri geňeşliginiň bagbanlary hem bölünip berlen ýer böleklerinde miwe berýän baglaryň köp sanly görnüşlerini ýetişdirmekde nusga alarlyk işler bitirýärler. Ýurdumyzda miwe önümleriniň bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýan ussat bagbanlar şu günler aralyk ýetişýän miwe bolan şetdalynyň hasylyny ýygnamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Düzüminde ynsan saglygy üçin birnäçe witaminleri özünde jemleýän şetdalyny terligi bilen ýygnap, ak bazarlarymyzyň üsti bilen ilatymyza ýetirmek ussat bagbanlarynyň esasy baş maksady bolup durýar. Baglaryň şahalaryndaky gözüňi dokundyrýan bol miweler bagbanlaryň çekýän halal we päk zähmetleri bilen kemala getirilýär. Ussat bagbanlaryň ideg edýän bagçylyk pudagynda şetdalydan başga-da irki ýetişýän erigiň, üljäniň, hurmanyň, garalynyň, saralynyň we giçki ýetişýän almanyň, aralyk ýetişýän armydyň dürli görnüşleri bar. Bu baglaryň hem ýylyň – ýylyna bol hasyl eçilýändigini ussat bagbanlar uly buýsanç bilen aýdýarlar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda datly miweleri ýetişdirmekde Mary welaýatynyň bagbanlarynyň çekýän bu gujur – gaýratly zähmetleri ýurdumyzda halkymyzy miwe önümleri bilen üpjün etmekde amala aşyrylýan belent maksatly işlere goşýan mynasyp goşantlarydyr. Öz söýgüli kärlerinden rysgal – döwlet tapýan bagbanlar ýurdumyzy gür baglyga öwürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek barada amala aşyrýan döwletli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

23
23 24.07.2025
“MBM” haryt nyşanly ýokary hilli süzgüçler öndürilýär

Hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine berýän kömekdir goldawlaryndan ruhlanyp zähmet çekýän ýurdumyzyň işewür telekeçileri giň gerimde ýaýbaňlanýan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň goşulmak bilen hususy ulgamda maksada okgunly we netijeli işleri amala aşyrýarlar. Mary şäheriniň Günorta aýlaw ýolunyň ugrunda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täjir ýoly” hususy kärhanasynyň awtoulaglaryň ýag süzgüçlerini öndürýän önümçilik kärhanasynda hem ýeňil we ýük awtoulaglaryna, oba hojalyk hem-de gurluşyk tehnikalaryna zerur bolan dürli görnüşli ýag, ýangyç, howa  süzgüçlerini öndürmek işleri talabalaýyk ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyny ösdürmek barada edýän bimöçber aladalary hem-de telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlara döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler we döredilýän giň mümkinçilikler işewür telekeçileriň halkymyza zerur bolan önümleri öndürmekdäki iş depginleriniň ýokarlanmagyna uly ýardam berýär. Hususy ulgamyň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagy netijesinde ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberleri barha artýar. Mary şäheriniň Günorta aýlaw ýolunyň ugrunda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täjir ýoly” hususy kärhanasynyň dürli görnüşli awtoulaglaryň ýag, ýangyç, howa  süzgüçlerini öndürýän önümçilik kärhanasynda hem ýurdumyzyň ulag we oba hojalyk pudaklary üçin gerekli bolan ýag süzgüçlerini öndürmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Hususy kärhananyň önümçilik pudagy kämil daşary ýurt tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde ýokary hilli harytlary öndürmek işleri ýola goýulýar. Kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýan enjamlarda ýerli hünärmenleriň tagallasy bilen dürli görnüşli süzgüçlerini ýasamakda zerur bolan demir bölekleriniň birnäçe görnüşleri taýýarlanylýar. Bu kärhana süzgüçleri ýasamakda gerek bolan demir – metal lentalary we beýleki çig mal serişdeleri bilen ýeterlik üpjün edilipdir. Demir – metal böleklerini dürli ölçegde kesmek, olardan şekiller ýasamak, kebşirlemek ýaly çylşyrymly işler tejribeli hünärmenler tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär. Önümçiligiň enjamlar toplumy arkaly ýygnalyp, taýýar görnüşe getirilen dürli ölçegli ýag we howa süzgüçlerine reňkler berlip, “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgiler goýlup, olar ýörite gaplara gaplanylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu ýag, ýangyç, howa   süzgüçleri ýurdumyzyň ulag, oba hojalyk we gurluşyk pudaklary üçin iň zerur we amatly haryt hasaplanylýar. Ýokary hilli ýag we howa süzgüçleri ýeňil, ýük awtoulaglaryň oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň ýaglaryny çalyşmakda giňden ulanylyp, olaryň saz we bökdençsiz işlemegini gazanýar. Bu önümler oba hojalyk pudagyna degişli edara – kärhanalaryň şeýle-de hususy kärhanalaryň sargytlary esasynda taýýarlanylýar. Häzirki wagtda bu önümçilik ulgamynda şular ýaly “MBM” haryt nyşanly ýokary hilli süzgüçleriň her aýda uly tapgyrlary öndürilýär. Işewür telekeçiler öz öndürýän önümlerini hil gözegçiliginden geçirmek bilen olary ýurdumyzyň içerki bazarlaryna, hususy kärhananyň ýörite dükanlaryna hem-de ýag çalyşýan nokatlara ugradýarlar.Kärhananyň işçileri öz önümlerini Täjigistan, Özbegistan döwletlerine hem eksport edýärler. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilere berýän kömekdir goldawlaryna ruhlanyp işleýän işewürler öz öndürýän ýokary hilli harytlarynyň görnüşlerini geljekde-de artdyrmagy maksat edinýärler. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň her bir iş gününi ýokary iş netijeleri bilen jemleýän işewür telekeçiler, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak barada edýän aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

25
25 24.07.2025
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna

Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri mynasybetli TMÝG-niň Baýramaly etrap, şäher hem-de Garagum etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.  Maslahatda TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygy Hojamyrat Akmyradow, Garagum etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa, Baýramaly şäher geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýsona Gelmyradowa çykyş etdiler. Çykyşlarda 2025-nji ýylyň bütin dünýäde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigi barada durlup geçildi. Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmeginiň bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ähmiýetli taryhy wakasy bolandygy barada guwançly gürrüň edildi. Giň mazmuna beslenen maslahat medeniýet işgärleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza adamzadyň parahat ýaşaýşy üçin edýän taýsyz tagallalaryna alkyşlaryny we hoşallyklaryny beýan edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýazmyrat ANNAGURBANOW.

26
26 24.07.2025
Kitap — ruhy hazyna

Golaýda etrap merkezi kitaphanasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, etrap bilim ulgamynyň we etrabyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Kitap  akyl-paýhas hazynasydyr” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Muhammetgylyç Nepesow, etrapdaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammetmyrat Allakulyýew, etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Akgözel Serdarowa, etrapdaky 40-njy orta mekdebiň mugallymy Alma Agaýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň baý many-mazmuny hem-de terbiýeçilik ähmiýeti barada durup geçdiler. Şeýle hem, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleriniň ýaş nesillerde watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini terbiýelemekde gymmatly gollanmadygyny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap derejede ösdürmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Aýgül ILMYRADOWA.

25
25 24.07.2025
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna

Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri mynasybetli TMÝG-niň Baýramaly etrap, şäher hem-de Garagum etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.  Maslahatda TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygy Hojamyrat Akmyradow, Garagum etrap geňeşiniň başlygy Sülgün Agajanowa, Baýramaly şäher geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýsona Gelmyradowa çykyş etdiler. Çykyşlarda 2025-nji ýylyň bütin dünýäde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigi barada durlup geçildi. Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmeginiň bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ähmiýetli taryhy wakasy bolandygy barada guwançly gürrüň edildi. Giň mazmuna beslenen maslahat medeniýet işgärleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza adamzadyň parahat ýaşaýşy üçin edýän taýsyz tagallalaryna alkyşlaryny we hoşallyklaryny beýan edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýazmyrat ANNAGURBANOW.

24
24 24.07.2025
Ykdysady ösüşiň kepili

Ýakynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahat hormatly Prezidentimiziň awgust aýynyň 4 —  8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekmegi mynasybetli geçirildi. Maslahata ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, bilim ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar.  Maslahatda TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Zylyha Bakyýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Akgözel Serdarowa çykyş etdiler. Çykyş edenler bu halkara forumynyň geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygy, ýurtlaryň arasyndaky dostlukly we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da rowaçlanmagyna ýardam etjekdigi dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.  Sülgün ATAÝEWA.

19
19 24.07.2025
Taryhy waka bagyşlanylan maslahat

Ýakynda Türkmengala etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda awgust aýynyň 4 — 8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Maslahatda TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Myratly Amannaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jemal Hezretowa, etrapdaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy Sona Gurdowa çykyş etdiler. Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýetlidigi, bu halkara forumynyň geçirilmeginiň     ýurtlaryň ykdysady, ulag we logistika ugurlarynyň ösmegine täsir etjekdigi hakynda täsirli gürrüň etdiler.  Myrat ÇARYÝEW.

50
50 23.07.2025
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ýardam eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty barha dabaralanýar. BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik  Bitaraplyk derejesine eýe bolanymyza  30 ýyl dolýan ýylymyzda bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp, şanly senä ruhubelentlikde taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem bellenilişi ýaly, içerki önümleriň öndürilişiniň ösüşi 6,3 göterime barabar boldy.  Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar baradaky maglumatlara ýüzlenenimizde, soňky ýyllarda olaryň ählumumy ykdysady ösüşdäki ornunyň artýandygyny görmek bolýar. Şeýle döwletleriň sany dünýäde 30-dan gowrakdyr. Olar ähli yklymlarda ýerleşýär. Bu döwletleriň arasynda ýangyç-energiýa serişdelerini, gazylyp alynýan magdanlary, oba hojalyk önümlerini we köp dürli taýýar önümleri daşarky bazarlara çykarmaga uly mümkinçiligi bolan ýurtlar hem bar.  Häzirki wagtda hormatly  Prezidentimiz daşary syýasatda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen parahatçylyksöýüji, birek-birege ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny üstünlikli alyp barýar. Munuň aýdyň mysalyna bolsa, ýurdumyzda geçirilýän iri halkara maslahatlar we forumlar şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde  “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnama laýyklykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Munuň özi Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.  Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna iş saparyny amala aşyryp, bu möhüm maslahata görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Şeýle hem bu halkara maslahaty geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň maslahatyny geçirdi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigi barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi.  Kakageldi GURBANOW.

24
24 22.07.2025
Täsirli maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik we Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine we bu forumyň ähmiýetine bagyşlandy. “Awaza” forumy – hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasatynyň dabaralanmasy” ady bilen geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalary we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň ýurdumyzda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda  hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimizde häzirki döwürde ulag ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenilip, ýurdumyzda geçirilýän bu iri göwrümli forumyň diňe bir sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara ulag geçelgelerini döretmekde we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde hem uly orna eýe bolup durýandygy dogrusynda hem aýratyn nygtadylar.

26
26 22.07.2025
Bitaraplyk — bagtyýarlyk mukamy

Şeýle at bilen Ýolöten etrap medeniýet öýünde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahata etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymyrat Artykow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Meretgeldi Annakulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Toýly ANYŞOW.

21
21 22.07.2025
Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar

Golaýda etrap merkezi kitaphanasynyň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, etrap merkezi kitaphanasynyň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Arkadagyň ak ýolunda öňe barýar bagtly ýaşlar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrap medeniýet müdirliginiň, etrap merkezi kitaphanasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çärede etrap häkimliginiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap medeniýet bölüminiň müdiri Mergen Jumaýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Ogulsenem Muhadowa, TAP-nyň etrap komitetiniň işgäri Merjen Atajanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmegi üçin alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri dogrusynda nygtadylar. Jemal HEZRETOWA.

21
21 22.07.2025
Baky Bitarap Diýar ösüşlere beslenýär

Ýakynda  Mary etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň mejlisler zalynda TDP-niň etrap komitetiniň hem-de TKA-nyň  etrap birleşimesiniň bilelikde guramagynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Baky Bitarap Diýar ösüşlere beslenýär” atly maslahat geçirildi. Maslahata  welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň we TKA-nyň işgärleri we etrapdaky orta mekdeplerde zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Kakajan Durdyýew, kümüş saçly ene Aýnagözel Baýramowa, etrapdaky 40-njy orta mekdebiň müdiri Hangeldi Atadurdyýew çykyş etdiler. Çykyşlarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikler, şanly ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyny dabaraly bellemäge görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda nygtadylar.   Muhammetgylyç NEPESOW.

61
61 21.07.2025
Welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusynyň esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şu ýylyň  şanly şygaryna bagyşlanylyp Mary welaýatynda hem dürli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Baýramaly şäher, Mary we Baýramaly, Garagum etrap geňeşleriniň, Mary welaýat kitaphanasynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk, ynanyşmak – ýürek nurumyz” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň işjeň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda gazanylýan ösüşler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk buýsanjyny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrýandygy, ýylyň dowamynda alnyp barylýan işleriň şol şygaryň mazmuny bilen bir bitewi sazlaşygy emele  getirýändigi barada nygtadylar.

546
546 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

467
467 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

682
682 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

535
535 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

514
514 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

630
630 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

440
440 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

463
463 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.