Ekleýjimiz bolan ene toprak derini saçyp, zähmet çekýäne bol miwesini, bereketli hasylyny eçilýär. Muňa oňat düşünýän ýer eýeleri toprak bilen iş salşyp, onuň dilini tapyp, gök-bakja, miwe önümleriniň bol hasylyny ýetişdirip, azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bu babatynda döwletimiz tarapyndan hem ähli mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek, oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýşyny gowulandyrmak boýunça alyp barýan tagallalary öz kärine yhlasly daýhanlaryňdyr telekeçileriň işlerine bolan höwesini has-da artdyrýar. Işine ukyply, zähmetsöýer Ogulşirin Ýazdurdyýewa hem çekýän zähmetiniň hözirini görýän telekeçileriň biri.
Baýramaly etrabynyň ýaşaýjysy, işewür telekeçi Ogulşirin Ýazdurdyýewa 2011 — 2016-njy ýyllarda «Miwe nahal» daýhan birleşiginiň, 2016 — 2021-nji ýyla çenli Soltan Sanjar adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy bolup zähmet çekýär. Ondan soň Soltan Sanjar adyndaky daýhan birleşiginiň çäginiň 1250 gektar ýerinde daýhan hojalygyny döredýär. Eýelik edýän ýeriniň 250 gektarynda dürli miweli baglaryň birnäçe görnüşleriniň idegi ýetirilýär. Häzirki wagtda olaryň käbirleriniň miwesi sowulan hem bolsa, indi ýetişen düzüm-düzüm miwe hasyllaryny hem görmek bolýar.
— Baglara hyzmat etmäge hemişe iş tapylýar. Ýagny, agaçlary timarlamak, iýmitlendirmek, suwarmak, zyýanly mör-möjeklerden goramak ýaly işleri yzygiderlilikde ýerine ýetirmeli bolýar. Baglaryň ýetişen hasylyny zaýasyz ýygnamak hem hysyrdyly zähmeti talap edýär — diýip, O.Ýazdurdyýewa gürrüň berýär. Şeýle-de, telekeçi zenan Döwran Gulamowyň, Abdyreýim Abdyreýimowyň ýakyn kömekçileridigini belleýär.
Mundan başga-da, daýhan hojalygynyň ýerinde gök-bakja önümleri hem ýetişdirilip, ilatymyza hödürlenilýär. 380 gektar ýerde bereketli «ak altyny» ýetişdirmek, 450 gektar ýerde bugdaýyň täze hasyly üçin ýerleri ekişe taýýarlamak, 10 gektar ýerde gant şugundyrynyň idegini ýetirmek işleri hem guramaçylykly alnyp barylýar.
Biz hem oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň artdyrylmagyna goşant goşýan daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Ogulşirin Ýazdurdyýewa mundan buýana hem rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








