Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik, Agrar hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň,Ýaşlar Guramasynyň welaýat geňeşiniň şeýle hem Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň, Mary welaýat daşky gurşawy goramak we medeniýet müdirlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem çuň manyly çykyşlara beslendi. Mary welaýat kitaphanasynda ,,Daşky gurşawyň abadançylygy- sagdyn ýaşaýyşyň binýady” diýen at bilen geçirilen bu maslahatda edilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gözel tebigatymyzyň abadançylygyny gorap saklamak, Watanymyzyň ekologiýasynyň arassa saklanylmagynyň ynsanlaryň saglygyna ýetirýän täsirleri we bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Bu ýerde çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilýänligini belläp, bu köpçülikleýin çäreleriň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, daşky gurşawymyzy abadanlaşdyrmakda, gözelleşdirmekde oňyn netijeleri berýänligi dogrusynda aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň asudalygyny, abadançylygyny, ekologiýamyzyň arassalygyny gorap saklamakda uly işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, mähriban Diýarymyzyň her bir künjegi uly dabaralara we taryhy wakalara beslenýär. Şonuň ýaly-da bütin dünýäde hem ýurdymyzda belli seneleriň biri bolan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli, Baýramaly şäher Medeniýet öýünde “Ekologiýa arassalygy – adamyň ýaşaýyşynyň gözbaşydyr” ady bilen aýdym-sazly, dabaraly çäre geçirildi. Ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmaga, tebigata bolan söýgini we jogapkärçiligi durnukly etmäge gönükdirilen bu dabaraly çärä welaýat tebigaty goramak we jemgyýeti goramak müdirlikleriniň, bilim ulgamynyň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabara tans toparlarynyň çykyşlary, belent owazly aýdymlar we joşgunly sazlar bilen dowam etdi. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda we parahat Watanmyzyň, Hak howandarymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işleriniň, ene tebigatyň gözelligi, Watanymyzyň püre-pür baglyga bürenýän ak ýollary belentden wasp edildi. Milli we döwrebap äheňleri özünde jemleýän joşgunly tanslar dabaranyň şowhunyny has-da artdyryp, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Bagtyýar döwrümiziň ýaşyl öwüşgini bolan bu dabaraly çäre, bütindünýä ähmiýetli bu senäni welaýat derejesinde neneňsi uly ruhubelentlik bilen bellenip geçilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Welaýatyň tebigatynyň iň gözel ýerlerinde şeýle aýdym-sazly dabaralary hem giň gerim aldy. Tebigatyň ajaýyp görküne görk goşýan gözel baglaryň arasynda hem aýdym-sazyň belent owazy ýaňlandy. Bu şirin owazlar tebigat bilen sazlaşyp bir bitewi gözelligi emele getirdi. Tebigatyň waspy çar ýanda asudalyk, abadançylygyň ajaýyp waspy bolup alyslara ýaň saldy.Her bir ynsanyň tebigata, gurşap alan dünýämize bolan sarpany we mukaddes söýgüni ýene bir gezek aýdyň görkezýän ýatda galyjy waka öwrüldi. Daşky gurşawy aýawly, gorap saklamakda nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözleri aýdyldy. Altynaý Seýitberdiýewa.








