Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda hususy önümçilikde ýokary iş netijeleri gazanylyp, işewür telekeçileriň yhlasy bilen öndürilýän azyk önümleriniň görnüşleri barha artýar. Içerki bazarlarymyzda azyk bolçulygy emele getirilip, halkymyzyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky “Daragt” haryt nyşanly azyk önümlerini öndürýän hususyýetçileriň öndürýän önümlerem özüniň döwrebaplygy we ýokary hilliligi bilen aýratyn tapawutlanýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagy hasaplanýan hususy ulgamy ösdürmek barada amala aşyrýan özgertmeleri bu ugurda gujurly zähmet çekýän işewür telekeçileri täze üstünliklere ruhlandyrýar. Irginsiz döredijilik gözlegleri bilen maksada okgunly we netijeli işleri alyp barýan hususyýetçiler bazarlary içgin öwrenmek bilen azyk önümleriniň bolçulygyny döredýärler. Şeýle asylly başlangyçlara mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Wekilbazar etrabynyň çägindäki “Daragt” haryt nyşanly şöhlat, konditer we süýt önümlerini öndürýän hususyýetçiler öndürýän önümleriň hil derejesine we ekologiýa taýdan arassa önümler bolmagyna aýratyn üns berýärler.
Hususy önümçilikde şöhlat önümlerini öndürmekde gerek bolan mal eti hususyýetçiniň şahsy mallarynyň hasabyna üpjün edilýär we belli bir bölegi şahsy hojalyklardan bellenilen ylalaşyk esasynda satyn alynýar. Bu ýerde häzirki wagtda gaýnadylan, kakadylan we ýarym kakadylan ýokary hilli şöhlat önümleriniň hem-de büzmeçleriň otuz görnüşi öndürilýär. Şunuň bilen bilen bir hatarda guş etinden hem azyk önümleriniň dürli görnüşleri taýýarlanýar. Hususy önümçiliginiň şöhlat önümleriniň öndürmekdäki ýyllyk kuwwaty bolsa altmyş tonna barabardyr. Işewür telekeçileriň berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp öndürýän azyk önümleriniň hatarynda dürli görnüşli konditer önümleri we süýjülik tortlary hem uly orun tutýar. Ýokary tehnologiýaly, häzirkizamanyň iň kämil enjamlarynyň kömegi arkaly öndürilýän bu azyk önümleri içerki bazarlarymyzda hil derejesiniň döwrebaplygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Hususyýetçileriň gündelik öndürýän uýadylan gaýmak, gatyk, syr, peýnir ýaly süýt önümleri hem ilat arasynda uly isleg bildirilýän önümler bolup durýar.
Işewür telekeçileriň çekýän irginsiz zähmetleri netijesinde taýýarlaýan ýokary hilli azyk önümleri özlerine degişli bolan Mary şäherindäki “Hoşal” we “Halal” atly söwda merkezleriniň üsti bilen ilatymyz üpjün edip durulýar. Önümleriň belli bir bölegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bazarlaryna we söwda nokatlaryna-da ugradylýar. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edilýän hususyýetçiler şu günler has-da joşgunly zähmet çekýärler. Işleri barha öňe ilerleýän işewür telekeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözlerini aýdýarlar.
Çary SAPAROW.