“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 29-njy martynda geçiriljek möhüm jemgyýetçilik – syýasy çäresi bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine hem giň gerim berildi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda hem Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary boýunça ýerlerde dalaşgärleriň duşuşyk ýygnaklary yzygiderli geçirilýär. Wekilbazar etrap medeniýet öýünde welaýat Halk maslahatlarynyň Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Wekilbazar etrap komiteti tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda dalaşgärleriň ynanylan wekilleri olaryň terjimehaly, şahsy iş başarnyklary bilen tanyşdyrdy. Soňra bu ýerde dalaşgärler aýry-aýry çykyş edip, özleriniň maksatnamalarynyň esasy ugurlaryny beýan etdiler. Duşuşygyň dowamynda dalaşgärler ýurdumyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşup, jan aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








