Oba durmuşy, atam öýüm barada ýatlamalar kalbyma dolsa, näme üçindir, ilki bilen, enemiň gara öýi göz öňümde janlanýar. Çagakak ol öý biz üçin ajyksak — doly saçakdy, üşesek ýyly gujakdy. Dykma garyndyr asma süňk, gowurdakdyr jigirdek, toşapdyr saryýag, kakdyr sök, kişmişdir kişde, igdedir mäjum... Mahlasy gara öýe girseň, ol eliňi boş çykarmaýan hazynaly sandykdy. Tärimdäki torbadan, herekdäki bukjadan başga serpikbaga meňzeş goşa ýüp, ýygnalman ýylboýy tärime daňylgy durardy. Bizi özüne çekýän bu ýüp barada enemden soranymda, ol: “Bu ýüp biz gelinkäk bir topar çagany üwräp, ulaldan sallançak ýüpüdir. Türkmeniň meşhur “Aýgytly ädim” filmindäki Aýnanyň gara öýde çaga üwreýän asma sallançagy ähli öýde diýen ýaly bardy. Özem yrym üçin sallançak ýüpleri hiç haçan sökülmän, bir tarapy çözülip, çep tärimden asylgy durardy. Soň-soň kerpiç, pagsa tamlara göçülensoňam, asma sallançak üçin jaýyň diwarynda bilboýy beýiklikde demir halkalar durardy. Garşylyklaýyn diwara, tärime daňylýan goşa ýüpe çöpür goşulyp örülerdi. Çöpür çümegen bolansoň, oňa mör-möjek dyrmaşmazdy. Sallançak ýüpleriniň arasyny açmak üçin, iki ujy haçjaly, bilek ýogynlygyndaky tal agajy başuja-aýaguja gysdyrylardy. Barly öýler Ahal ýaly uzak ýerden ýörite sargap, gudratly gara dagda dörän dagdan agajyny hem getirderdiler. Köne yryma-ynanja görä, bu agajyň barmak ýalyjagyny dakynsaň hem ýaman gözden gorarmyş. Keramatly dagdan agajy ýasyja ýüzi ýörite nagyşlanan, iki gyrasy sallançak ýüpüni saklar ýaly kertikli, uzynlygy dört-bäş, ini ýarym garyş, galyňlygy bolsa, dört-bäş barmakdy.
Çaga ýatar ýaly ýörite dokalan sallançak kilimi bolsa, iki ujyna ýogyn işilen sapak dakylyp, iri temen ýa-da çuwaldyz bilen tikilerdi. Enelerimiz sallançagy üwrär ýaly düýe ýüňi goşulan alaja sallançak bagyny örerdi.
Dagdanly asma sallançak badyman, ýagny, bir üwräp goýberseň, wagty bilen bady ýatmaýandy. Üwräp işe güýmenip ýörşüne käbir gelinler haçan ýüpi çekenini ýadyndan çykaryp: “Meniň balam, halatly. Onuň sallançagynyň özi üwrelip dur” diýip, öwünýärdilerem.
Hataryň gelinleri çyrçyklyrak çagany getirip: “Ogultäjiň enesi, bu agtygyňyza-da donuňy ýapyp, üzärlik aýlap, dagdanly sallançagyňyza salyp, hüwdi bilen doga-dileg edäýseňiz...” diýip, ýüz tutardylar. Şeýdip eneler sallançak çekende aýdýan aýdymy-hüwdüsi bilen çaganyň aňyna, kalbyna bäbeklikden başlap ula hormaty, kiçä sylagy, Watana, ene topraga söýgi, halallygy mähir-yhlas bilen siňdiripdirler...” diýip, enem ýatlamalar ummanyna çümerdi.
...Nirelerdendir bir ýerden hüwdi sesi eşidilende, meniň ýadyma şahyr Gurbannazar Ezizowyň “Serdarym» goşgusynyň hüwdi görnüşinde aýdylyşy ýadyma düşüp, kalbyma mylaýymlyk aralaşyp gidýär.
Ogultäç ANNAÝEWA.








