Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Demokratik partiýanyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. ,,Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr” diýen at bilen geçirilen bu dabaraly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilişi, bu ugurda zähmet çekýän sungat işgärlerine döredilýän ajaýyp şertler, türkmen medeniýetiniň döwrebaplylygy hem-de halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilişi dogrusynda buýsançly bilen bellediler. Bu ýerde sungat ussatlary hem çykyş edip özlerine döredijilikli zähmet çekmäne döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler. Dabaraly maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Belentden ýaňlanan her bir şirin aýdymdyr-mukamlarda eziz Watanymyzyň ösüşleri, beýik söz ussady bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem-de Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda alyp barýan belent maksatly işleri giňden wasp edildi.
Merjen Çaryýarowa.








