Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary we edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşleri, Döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti, Baky Bitarap ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler dogrusyndaky gürrüňler bu dabaraly maslahatyň esasyny düzdi. Dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Dabarada medeniýet we sungat ussatlary hoş owazly çykyşlaryny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Olar ýerine ýetiren çykyşlarynda Garaşsyz hem Baky Bitarap Watanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan rowaç işlerine bolan çäksiz buýsançlaryny belent joşgun bilen beýan etdiler.
Toýmyrat Gurbanow.








