“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurt Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we institutyň professor mugallymlary, bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ýokary ruhubelentlik häsiýete eýe bolan bu dabaraly maslahatda Bitaraplygymyzyň halkymyza beren bagty we Berkarar döwletimizde ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler baradaky gyzykly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda özüniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýän Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy dogrusynda-da buýsanç bilen bellenildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda institutyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň parahat Watanymyzyň Bitaraplygyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Dabaraly maslahata gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








