Zeminiň lälesi, asmanyň aýy, ýüzümiziň tuwagy hasaplanýan gelin-gyzlarymyzyň baýramy bolan 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli Mary welaýat, şäher häkimlikleri hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu geçirilen dabaranyň dowamynda birek-birege mähirli gutlag sözleri aýdylyp, ýagşy arzuw-dilegler edildi. Dürli ulgamlarda zähmet çekýän işewür zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada welaýat medeniýet müdirliginiň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly we tansly çykyşlaryna giň orun berildi. Olaryň ýerine ýetiren çykyşlarynda eşretli zamanamyz, Hormatly Prezidentimiziň zenanlarymyza goýýan hormat-sarpasy, ene mertebesi we türkmen gözelleriniň mylaýymlylygy giňden wasp edildi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan zenanlaryň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatlaryny synlanyňda bolsa olaryň kalplarynda şeýle ajaýyp zamanany döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanç duýgulary aýdyňlygy bilen duýulýar.
Maýa Annameredowa.








