Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan medeni köpçülik çäreleri Mary welaýatynda hem ýokary ruhubelentlikde geçirilýär. „Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary“ atly okuw maslahatynyň çäginde Mary şäherindäki ,,Türkmeniň Ak öýi“ binasynda Mary welaýat häkimliginiň we welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen türkmen gelin-gyzlarynyň el işleri, amaly-haşam sungatynyň sergileri gurnalyp, dabaraly aýdym-sazly çäresi geçirildi. Bu çärä bilim ulgamlarynyň işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Belent heňlerde ýaňlanan her bir aýdymlarda Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda alyp barýan işleriniň waspy ýetirildi. Ruhubelentlikde aýdylan aýdymlar dabaranyň şowhununy has-da artdyrdy. Şeýle-de çäräniň geçýän ýerinde ene - mamalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren haly we haly önümleriniň hem-de senetçilik, amaly-haşam sungatynyň giň gerimde ýaýbaňlandyrylan sergilerem dabara aýratyn öwüşgin çaýyp, ony synlanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.
Nurjahan Mämmedowa.








