Ýer şarynyň 71 göterimi suw, 29 göterimi gury ýer. Gury ýeriň 20 — 30 göterimini buzluk, galan 25 göterimini bolsa çöllük tutýar.
Çölleriň paýyna 150 million gektar suwarymly, 170 million gektar düme ýerler we 6 million gektar öri meýdanlary düşýär.
Dowarlar litrde 6-7 gram duzy bolan suwy içýär. Düýe maly has duzly-ajy suwy hem içip bilýär.
Ysraýyl döwletiniň çäginde ýerleşýän Negew çöli 13 müň inedördül kilometre deň. Howasynyň gyzgynlygy 420 gradusa ýetýär. Ygalyň derejesi 80 — 100 millimetre-de ýetenok.
Bathyzyň haýwanlarynyň 53 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Ösümlige baý bolan Bathyzda 1050 görnüşdäki damarly ösümlikler bar.
Repetek goraghanasynyň guşlarynyň 202 görnüşinden 13 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Garagum çölünde 20 müňden gowrak guýy bar.
Atakama çölüniň meýdany 100 müň inedördül kilometre ýetýär. Bu çöle hiç wagt ygal düşmeýär diýen ýaly.
Peru döwletiniň Sençura çölünde birnäçe ýyllap ýagyn ýagman, birdenem 10 ýyllyk möçbere barabar ygal düşýär.
Metbugat materiallary esasynda taýýarlan
Sähet HOJAGELDIÝEW.








