Garagum derman ösümlikleriniň otlary bilen birlikde, gyrymsy hem-de ýarym gyrymsy agaçlara baý. Garagum sährasynyň naýbaşy ösümlikleriniň biri-de çogandyr. Çogan selmeler maşgalasyna degişli bolup, onyň boýy 70 santimetre çenli ýetýär. Bu gyrymsy ösümlik çöllerde, düzlüklerdäki takyrpisint şorlaşan topraklarda we dag etekleriniň gury çagylly-toýunly eňňitlerinde ösüp boý alýar. Ol maý-sentýabr aýlarynda gülleýär hem miweleýär.
Çogan Diýarymyzdaky seýrek duşýan ösümlikleriň hataryna girmeýär. Çoganyň oty hem miwesi dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Ösümligiň otuny ol gülleýän döwri miwesi doly bişende ýygnalýar. Olary adaty usulda açyk howada teläriň aşagynda ýa-da oňat ýel çekýän jaýda guratmaly hem taýýarlamaly. Haçan-da çogan doly gurap ýetişeninden soňra oty bilen ýapragyny mata haltada, miwesini kagyz gutularda saklamaly. Halk lukmançylygynda ösümligiň ýerüsti böleginden taýýarlanylýan peti ýarany bitiriji dermanlyk serişde hökmünde ulanylýar. Mundan başga-da, ol serişde dokuzdonluda hem zenan kesellerinde (ginekologiýada) hem peýdalanylýar. Ylmy lukmançylykda dermanlyk petiň gipotenziw täsire eýedigi ýüze çykaryldy.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi hem öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmekde uly işleri bitirýärler. Çünki, pederlerimiz asyrlaryň dowamynda gözel tebigaty gözüň göreji dek goramagy, ondan degerli peýdalanmagy, ony gorap saklamagy ündäp gelipdirler.
Annamyrat JUMADURDYÝEW.








