Ömrüniň agramly bölegini mal yzynda geçirip, gözel Garagum çölünde ýaşap, gezip ýören çopanlara çöl alymy diýilmegi gaty ýerlikli. Çünki, olar çöl durmuşyny, diýseň, oňat bilýärler. Meýdan otlary, ösümlikler we çarwa tagamlary bilen baglanyşykly şu aýtgylardyr çeper setirler hem şeýle adamlaryň dilinden ýazylyp alyndy.
Çeper eli çermelgi, çarwa bili çyzgalgy.
***
Saryýag — däri ýag.
***
Uzyn derek, inçe köwek.
***
Domalan çyksa, dokluk.
***
Garyn eti — derman.
***
Gowka iýen bilen ýaryşma!
Ýag içen bilen göreşme!
***
Kölde gamyş biter, çölde çomuç.
***
Gülşende gül biter, şor ýerde — şora.
***
Sazagyň güli bolmaz, kerkawyň küli.
***
Ot köküniň üstünde biter.
***
Ser-sepil, ýetmedige men kepil.
***
Sargan iýen sarç bolar.
***
Sähra gülüniň dessesi gowy,
Çarwa ýeriniň mesgesi.
***
Toşaply çaý — şuglaly Aý.
***
Göçenini ýel biler,
Gonanyny gol biler.
***
Ýandagyň çaýy — jennetiň jaýy.
***
Toraňňy saýasy şypa getir,
Söwüt saýasy sapa.
Toplan
Annamyrat BERDIMYRADOW.