Çüw!
Çap atym, çap!
Çüw!
Çap atym, çap!
Uzak ýol düýrlenip başlady bir çak,
Atlaryň toýnagy gyzypdyr kemsiz.
Görýärin, seniňem bedeniňden der
Akyp dur,
Akyp dur,
Akyp dur çensiz.
Özümi söýşüm dek söýýärin seni,
Söýýärin, ýadapsyň bilýän, eý, aman!
Nätjek bu ýaryş-da... Birden galaýsaň,
Bagyşla, oňmaryn gamçy bulaman.
Bagyşla, gadagan ýadamak bu gün,
Duýmarys bolsa-da endammyz öl-suw.
Gaýrat et, ganatly guş deýin uç sen,
Çap atym, çap, çap,
Çap atym, çap, çap,
Çüw!
Gaýrat et, ganatly guş deýin uç sen,
Aş sen kötellerden, galsyn tozanyň.
Pellehana barmaly biz ilkinji,
Almaly, baýragy bardyr ozanyň.
Dogry, seniň döken her damja deriň
Ýüzlerçe baýrakdan artykdyr-artyk.
Şoň üçin almanam bilerdik, ýöne
Soň gezmeli borus ýüzümiz örtüp.
Çünki alynmadyk baýrak — ýeňiliş,
Geçilmedik menzil, köýdürlen arzuw.
Arzuwy köýdürmek bolsa günädir,
Çap atym, çap, çap,
Çap atym, çap, çap,
Çüw!
Arzuwy köýdürmek günädir-günä,
Güýjüň barka göreşmeklik gerekdir.
Ertemi?!..
Kim bilýär, ýaryşly ýola
Şu günki gelşimiz soňky gezekdir.
Belki, ýetip bilmän pellehana-da
Tüwdürlip gideris...
Düşeris gözden,
Şonda yzdan gelýän çaman atyňam
Ozup geçäýmegi ahmaldyr bizden.
Her zatlaň,
Her zatlaň bolmagy mümkin,
Ýaryşly ýollaryň kadasydyr bu.
Aý, bu zatlar hiç-le, oňatlyk häzir,
Çap atym, çap, çap,
Çap atym, çap, çap,
Çüw!
Italmaz NURYÝEW








