Ýakynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň ähli künjeginden bagşylardyr sazandalar gatnaşyp, olar öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Bäsleşige gatnaşan bagşy-sazandalar milliligimizi şöhlelendirýän bezemen sahnada türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýörite düzülen eminler toparynyň agzalary bagşylaryň aýdym aýdyşyna, sesiniň saz bilen utgaşyşyna, gerek bolan heňde aýdyp bilşine, sazandalaryň saz çalmakda ussatlygyna baha berip, ýeňijileri saýladylar. Netijede, sazandalardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň türkmen sazy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Aýnäzli Rahmanowa hem-de Mary şäherindäki Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutar mugallymy Kerwen Seýitnyýazow, bagşylardan bolsa, Baýramaly etrap medeniýet bölüminiň Rafsanjany oba medeniýet öýüniň müdiri Kerim Kakageldiýew we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň bagşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby Oguljennet Hojakowa ýeňiş gazanmagy başardylar.
Türkmen halk aýdymlarynyň hem-de sazlarynyň belentden ýaňlanan bäsleşiginde ýeňiji bolan bagşylar we sazandalar “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Sülgün ŞADYÝEWA.








