Ýakynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň ähli künjeginden bagşylardyr sazandalar gatnaşyp, olar öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Bäsleşige gatnaşan bagşylar milliligimizi şöhlelendirýän bezemen sahnada türkmen halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýörite düzülen eminler toparynyň agzalary bagşylaryň aýdym aýdyşyna, sesiniň saz bilen utgaşyşyna, gerek bolan tonda aýdyp bilşine, sazandalaryň saz çalmakda ussatlygyna baha berip, ýeňijileri saýladylar. Netijede, sazandalardan Mary şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Batyr Çagylow hem-de Ý.Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Watan Geldiýew, bagşylardan bolsa, Mary şäherindäki 31-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Agaeziz Nazarow we Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Maksat Gurbanow ýeňiş gazanmagy başardylar.
Türkmen halk aýdymlarynyň hem sazlarynyň belentden ýaňlanan bäsleşiginde ýeňiji bolan bagşylar we sazandalar “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Sülgün ŞADYÝEWA.