Berkarar döwletimiziň bagtyýar döwründe ösüşleriň ak ýolundan rowana geljege alyp barýan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda asuda Watanymyzda dogýan her bir gün, beýik ýeňişler, zähmet üstünlikleri bilen garşylanýar. “Hakara parahatçylyk we ynanyşmak “ýylynda ýurdumyzda her bir gün uly ösüşlere beslenýär. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Medeniýet öýünde Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň Mary welaýat Halk döredijiliginiň gurnmagynda “Çagalaryň sesi”atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige etrap-şäher çagalar sungat mekdepleriniň ýaş zehinli okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşikde çykyş eden ýaş zehinli okuwçylara hormat hatlary gowşuruldy.Bäsleşikde orunlara mynasyp bolan ýaş zehinli okuwçylar Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň aýdyň gelejegi ugrynda alyp barýan döwlet syýasaty üçin çäksiz alkyşlaryny buýsanç bilen beýan etdiler.
Suwdan Kulyýew.








