Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden buýrugy esasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda Mary welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Ejeme sowgat” ady bilen döredijilik bäsleşigi Mary şäheriniň 29-njy çagalar bagynda geçirildi. Bu döredijilik bäsleşigi 3 şertden ybarat bolup, körpeler bellenen şertler esasynda özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Şertleriň dowamynda körpeler öz mähriban ejelerine baýramçylyk sowgadyny ýasadylar, soňra sowgady labyzly beýan etdiler. Bäsleşigiň 3-nji şertine laýyklykda körpeleriň ejelerimizi, enelerimizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekleri bäsleşige gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda çykyş eden körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dursun Ilbegiýewa.








