Ýakynda Mary welaýat
taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Mary şäherindäki edara-kärhanalaryň ilkinji
ýaşlar guramalarynyň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda täsirli
gezelenç guraldy. TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň hem-de welaýat taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda guralan gezelenç oňa gatnaşyjylar üçin
has-da täsirli boldy.
«Gadymy taryhym —
hazyna-genjim» ady bilen guralan gezelençde ýaşlar türkmen halkynyň taryhy
geçmişi, oba durmuşy, gymmatly hem taryhy eksponatlaryň ähmiýeti bilen içgin tanyş
boldular. Olar bu ýerde taryhy maglumatlaryň gözli şaýady boldular. Muzeýiň
işgäriniň beren täsirli gürrüňleri ýaşlarda taryha bolan aýratyn gyzyklanmany
döretdi.